GENERAL

Bäsleşik :Terbiýe – düzgün-nyzamyň gözbaşy

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde serhetçi serkerdeleriň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Terbiýe – düzgün-nyzamyň gözbaşy» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirilýär.

 

DÜZGÜNNAMASY:

I Umumy düzgünler

  1. Şu düzgünnama «Terbiýe – düzgün nyzamyň gözbaşy» atly çeper-döredijilik bäsleşiginiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertelrini kesgitleýär.
  2. Bäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda şahsy düzüm bilen işleýän ähli derejedäki ofiserleriň arasynda hünär hem-de syýasy ynsanperwerlik taýýarlygyny ýokarlandyrmak şeýle hem terbiýeçilik işine ukyply, başarjaň, öz işine ussat ofiserleri we harby talyplary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
  3. Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda gulluk edýän ähli derejedäki ofiserler gatnaşyp bilerler.

II Bäsleşigiň geçiş tertibi

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat.  1-nji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmelerinde, harby bölümlerde we harby bölümçelerinde 2019-njy ýylyň aprel aýynyň dowamynda geçirilip, jemlenilmeli. 2-nji tapgyr 2019-njy ýylyň maý aýynyň 1 – 15-i aralygynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Aşgabat serhet birikmesiniň çäginde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Döwlet serthet gullugynyň Merkezi edarasynyň terbiýeçilik işleri bölüminiň ofiserlerinden we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden, bilim hem-de döredijilik işgärlerinden düzülen topar eminlik eder.

III Bäsleşigiň şertleri

Bäsleşik şu aşakdaky 4 şert boýunça geçirilýär:

– iň gowy ynsanperwerlik depderiniň awtory;

– iň gowy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresini guraýjy;

– iň gowy ynsanperwerlik taýýarlygyndan okuw sapagyny guraýjy;

– iň gowy döredijilik işiniň awtory.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda üç baýrakly orun, şeýle hem umumy bäsleşigiň netijesi boýunça aýratyntapawutlanan harby gullukça (topara) baş baýrak bellenilýär. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan harby gullukçylar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar. Bäsleşigiň ýeňijileri we işjeň gatnaşan harby gullukçylary Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy:

39-53-43, 39-53-45, 39-53-54.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:

«Nesil» gazetiniň redaksiýasy:  39 95 26

 

Ýene-de okaň

Dr. Dovran Orazgylyjov: The Makul Dictionary — a project originating from Silicon Valley

Ata Watan Eserleri

Amangeldi Baygeldiev: The Makul Dictionary will serve as a unique “language bridge” in fostering goodwill relations.

Iran Aims to Increase Cargo Transit with Turkmenistan to 20 Million Tons

New Glass Production Facility Launched in Turkmenistan

Eric Stewart: The Makul Dictionary will contribute to the expansion of long-term cooperation between our countries

Frederick Starr: Makul Dictionary will serve as an important contribution to building a language bridge

Ata Watan Eserleri