GENERAL

Biraz umyt, biraz yhlas, azajygam ugurtapyjylyk ynha size üstünlik

Üstünlik. Hakykatda üstünlik näme? Nämeden başlanýar? Nädip üstünlige ýetilýär? Üstünlik gazanan adamlar gowy başlangyçdanmy başlady? Hemmeler muny bilmek isleýär. Üstünlik Näme?

Üstünlik garaňky tupanly gijede howpsuz ýere barmaga synanyşmak ýaly. Garaňky tupanly gijede barmak isleýän ýeriňe dogry gitmek, köp kynçylyk, şeýle dälmi?! Käbir ýerlerde tupan güýçlener durmaly bolarsyň, ýykylarsyň, belki ol barýan howpsyz ýeriň: “aslynda bir barmyka, aý ýokdyr-ow” – diýip öz-özüňden geplenip başlarsyň. Özüňe bolan ynamyň gaçar, bar zatdan ýadarsyň. Ýöne umydyňy ýitirmän ýöremäge dowam etseň ahyry ir ýa-da giç ol howpsuz menzile bararsyň. Arzuw eden ýeriňe baranyňdan soň ýoluň näçäräk wagt alanynyň bir ähmiýeti ýok.

Bir adam Thaelese soraýar:

— Saňa görä dünýäde ýeke we dowamly bolan zat näme?

— Umyt-diýip jogap beripdir. “Sebäbi bizi iň soň terk edýän şoldur” .

— Bolýa, onda iň aňsat bolan zat näme?- diýip sorapdyr.

— Başgalara nesihat bermek diýip jogap beripdir.

Hakykatdan hem umyt adamy iň soňynda terk edýär. Ondan soň hem bar zat gutarýar. Ýöne adam bar zatdan öň umytly bolmaly we hiç bir zadyň ony ýitirmegine ýol bermeli däldir.

“Dagyň depesinde duran adam hem asmandan gaçan dädir” belki bu sözler bize üstünligiň manysyny görkezer. Dag we onuň depesi (üstünlige) çykmaga synanyşýan dagçy. Dagçylar beýikden beýik, garlydan garly daglara çykmaga synanyşýarlar. Ýarty ýolda galýan hem bar, iň depesine baýdagyny dikýän hem. Dagyň depesine baýdagyňy dikmek üçin näme  gerek? Näme etmeli? Ýöne diňe bir umytly bolmak ýeterlikli bolmasa gerek. Umyt hem gerek ýöne yhlas hem gerekdir. Şeýle dälmi!? Umyt yhlasa, yhlas bolsa umyda biri-biriniň gutarmazlygyna kömek eder.

Hemmämiz Pauline Eýnşteýniň ogly bolan Albert Eýnşteýni gowy tanaýarys. Albert Eýnşteýn başlangyç mekdepde okaýan wagty mugallymy ejesine bermegi üçin onuň bilen öýüne hat goýberdi. Albert entek okap bilmeýardi, bu sebäpli ejesine haty okap bermegini haýyş etdi. Haty okamaga başlanda Pauline Eýnşteýniň gözlerinden ýaşlar süzüldi. Ejesi ol hatda, Albertiň diýseň zehinli çaga bolandygy üçin mekdepdäki mugallymlaryň oňa öwretjek dersleriniň ýeterlikli bolmajagyny, ony başga, dünýewi bilimleri has çuň, giň  öwredýän mekdebe goýberilmelidigini, ýa-da öýde aýratyn okadylmalydygyny mugallymyň maslahat berendigini aýtdy. Oňa:”Sen dünýäni üýtgedip biljek derejede akyllysyň we tapawutlysyň” diýdi.

Soňra Albertiň ejesi  bazara gidip birnäçe kitap aldy we Alberti özi öýde okatmaga başlady. Ejesi onuň bilimi bilen ýakyndan meşgullandy. Soňunda bolsa nähili zehiniň orta çykandygyny hemmämiz bilýäris. Albert Eýnşteýn 20-nji ýüz ýylyň iň meşhur fizigi  halyna geldi.

Ýyllar geçdi, ejesiniň ölüminden soňra, Eýnşteýn ejesinden galan kitaplary dörüşdürýäkä bir kitabyň arasynda nije ýyl  mundan öň mugallymynyň özüne “diýseň zehinlidir” diýen hatyny tapdy. Indi ol okamany bilýärdi we haty okamana başlady. Hatda onuň üýtgeşik bir akyl we zehinliligi, bu mekdebiň mugallymlarynyň oňa bilim bermeklikde ejiz gelip ony başga has oňat bilim berýän mekdeplerde okadylsa maksada laýyk boljagy barada aýdylýan hiç zat ýokdy. Tersine onuň akyl taýdan deň-duşlaryndan yza galandygyny, ýatkeşliginiň pesligi sebäpli ol  hiç zat öwrenip bilmejekdigini, mugallymlaryň hem ellerinden hiç zadyň gelmejekdigini we okuwdan kowlandygy ýazylgydy. Hat-da hiç haçan bilimli bolmajagy we has pes dereje çagalaryň goýberilýän mekdebi hem maslahat berilmeýärdi. Albert bulary okansoň gözlerinden ýaşlar dökülmäge başlady. Aglamagynyň sebäbi mugallymynyň ýazan erbet zatlary däldi, ejesiniň özüne duýan merhemetini, sabryny we hiç gutarmadyk yhlasyny indi has gowy düşünýänligidi.

Belki bir zatlaryň gutarmasy onuň ýerine has gowy zatlaryň geljekdigini duýdurýandyr. Has gowy has täze. Şonuň üçin gutaranyna gynanman geljege has umytly we has yhlasly seretmeli.

Bir adam deňziň gyrasynda gezelenç edýärkä, deňze howlukmaç bir zatlar zyňýan birini gördi. Biraz ýakynlaşan soň bu adamyň kenara akyp gelen deňiz ýyldyzlaryny yzyna deňze zyňyp durandygyny bildi we:

— Näme üçin olary deňze zyňýaň? – diýip sorady.

Ýygnanlaryny deňze zyňmana dowam edip:

— Ýaşamalary üçin – diýip gysgaça jogap berdi. Adam haýran galyp :

— Bolýa ýöne bärde müňlerçe deňiz ýyldyzy bar. Hemmesinem deňze zyňmagyňyz mümkin däl. Siziň bulary deňze zyňmagyňyz nämäni üýtgeder?

Ýerden bir deňiz ýyldyzyny alyp deňze zyňan adam:

— Seret onuň üçin köp zat üýtgedi- diýip jogap berdi.

Üstünlige eltýän ýollaryň biri hem bu adam ýaly ruhdan düşmezlik bolsa gerek. Töwerekdäki adamlaryň näme diýýänliklerine garamazdan öz maksadyňa ýetmek üçin ruhdan düşmän ýoluňa dowam etmek esasy mesele bu bolsa gerek. Adamlaryň gözi üstüňde bolýar. Haçan beýgelseň seni ruhdan düşürmäge synanyşýarlar. Ynha boldy, indi boldy diýersiň, gelerler ýene “ýöne aýtdym, maslahat berýän diňe, ýöne…” diýip öz pikirlerini aýdan bolýarlar. Olaryň “ýöne” diýmeginiň sebäbi olardan üstünligiň. Olar seniň özlerindem ýokardadygyňy halaman öz pikirlerini aýdan bolýarlar. Olar pikirlerini aýtdygy saýy seniň ruhuň hakykatdan hem peselýär, olary dogry we özüňden beýik görmäge başlaýarsyň. Aslynda ählisi psihiki oýun bolany. Adamlar şeýle-dä, agzy bolan gepleýär.

Günlerde bir gün obalaryň birinde bir daýhanyň eşegi gurruk guýa gaçýar. Eşek ençeme sagatlap aňňyrýar. Sesini eşiden eýesi gelip görse eşegini guýyň düýbünde görýär. Daýhan näme etjekdigini bilmän obadakylary kömege çagyrýar. Obalylar guýydaky eşegi nädip çykarjakdyklaryny oýlanmaga başlaýarlar, şonda ony halas etmäniň mümkin däldigini zähmet çekenlerine degmejekdiklerine karar edýärler. Ýeke çäre, guýyny toprak bilen örtmekdi. Hemme ellerine alan pilleri bilen ýerli ýerde guýa gum taşlamaga başlaýarlar. Pahyr haýwan her gezek üstüne düşen topragy silkinip düýbe dökýär. Birnäçe wagt soňra aýaklarynyň aşagyna dökülen topraklar saýasynda biraz  ýokary çykýar we bu guýynyň agzyna gelýänçä dowam edýär. Eşek guýydan böküp çykýar. Obalylar guýydan çykan eşegi görüp haýran galýarlar.

Ynha durmuş käwagt biziň üstümize ýüklener we toprak bilen örtülýän ýaly bolýar. Bular bilen baş etmäniň ýoly aglap, syzlanmak däl-de, oýlanyp silkinmek we halas bolmak.

Hany diýýändiris “Bir zady görüp bilmeýän bolsaň mesele görýäniň däldir. Duran ýeriňdir. Ýeriňi üýtget.” Durmuş hem şuňa meňzeş käbir meseleler bizi şeýle bir zorlaýar welin diňe biziň penjirämizden wakalara seredýäs. Aslynda her meseläni çözmegiň aňsat ýoluny tapyp bolýar. Halkymyzyň arasynda bir söz bar “Samanhanada iňňe gözlän ýaly”. Biz muny kyn mesele orta çykanda çözüp bilmesek ulanýas. Ýöne aslynda mesele o dereje kyn hem däl. Bar mesele samanlygy ýakyp külüne magnit tutaýmaly. Aslynda bu şeýle bir ýönekeý zat. Bar zady çylşyrymly bir mesele halyna biz getirýäris. Şeýle bir bolan waka bar:

— Bir adam hepdäniň ýadawlygyndan soňra, ýekşenbe güni ir bilen turdy. Keýp bilen eline gazetini aldy we bütin gün hezil edip öýde oturjakdygyny hyýal edýärdi.Ol bulary oýlap durka ogly ýanyna ylgap geldi we seýilgähe haçan gitjekdiklerini sorady. Kakasy ogluna söz beripdir. Bu ýekşenbe ony seýilgähe alyp gitjekdi ýöne hiç meýdana çykmak islemänsoň bir bahana tapmasy gerekdi. Soňra gazetiň ýany bilen sowgat hökmünde berilýän dünýä kartasyna gözi düşdi. Ilki dünýä kartasyny kiçi böleklere kesdi we ogluna uzatdy:

— Eger bu kartany düzeldip bilseň seni seýilgähe alyp gitjek-diýdi. Soňra oýlady:

— Oh bä halas boldym. Iň gowy geografiýa professoryny hem getirseň bu kartany agşama çenli düzeldip bilmez.

Aradan 10 minut geçdi ogly kakasynyň ýanyna ylgap geldi.

— Kaka kartany düzeltdim. Indi seýilgähe gidip bilerismi. Adam ilki ynanmady we görmek isledi. Görensoň haýran galdy. Ogluny muny nädip edendigini sorady. Çaga şu jogaby berdi:

— Maňa beren kartaň arkasynda adamyň suraty bardy. Adamy düzeltdim dünýä özünden düzeläýdi.

Bizem şeýle suratyň çylşyrymly ýerini görýäris ýöne her çylşyrymly suratyň arkasynda aňsat surat bardyr. Şonuň üçin biz hem arkasyndaky aňsat suraty görmäni başaralyň.

Biz pikir edýäris mekdebi gutarsak bolany. Aslynda mekdep bizi diňe durmuşa başlamak üçin başlangyç bilim berýär. Ýöne bu hem biziň durmuşymyzda üstünlikli bolmagymyza ýeterlikli däl. Adamyň bilimi özüne, üstünligi bolsa bilimine baglydyr. Belki-de üstünligiň asyl sebäbi bilimli bolmakdyr. Bilim bize öz hünärmizde has-da kämilleşmegimize kömek edýär. Edil Meýin balykçysy ýaly…

Bir wagtlar şowlylygy bilen meşhur bolan”Meýin balykçysy ” bar eken. Meýin diýlen ýerde balyk awy şowsuz bolýardy ýöne bu balykçy awa çyksa sebetlerini balykdan dolduryp gelerdi. Bu sebäpli köp pul gazanan bu adamyň şowlylyguna halk ynanypdyr we ady ýaşaýan ýerinden çykyp beýleki şäherlere-de ýaýrapdyr. Adamyň şowlylygy şeýle bir ýaýrapdyr welin halkarasynda işi bolan adama: “Meýin balykçysy” ýaly diýlip aýdylyp başlanypdyr.

Bir gün bu balykçy aradan çykypdyr. Adamlar jynaza üçin onuň öýüne gelenlerinde haýran galypdyrlar. Öýüň töründäki diwar tutuşlygyna balykçylyga we suwlara degişli uly kitaphana bar eken.

Ýagny meşhur Meýin balykçysynyň şowlylygynyň arkasyndada kitaplar bar eken.

Ýagny kitaplar biziň durmuşymyzyň her bir ýerinde, her bir üstünligimizde bar. Geçmişe seredenimizde-de kitaplaryň ata-babalarymyz üçin hem ähmiýetiniň uludygyny görüp bileris. Merwdäki gadymy uly kitaphana muňa mysal bolup biler. Meşhur arap syýahatçysy öz kitabynda Merwdäki kitaphanany” Dünýäniň iň uly kitaphanasy” diýip belleýär. Ýagny kitap söýgisi bizde aslymyzda , ganymyzda we özümizde bar. Hormatly Arkadagymyzyň ýazan kitaplary biz türkmen milletine yşyk tutýan kitaplardyr.

Häzirki wagtda üstünlige ýeten adamlaryň hemmesi hem kynçylyklardan ugurtapyjylyk bilen halas bolýarlar. Ugurtapyjylyk biraz mekirlik, biraz tejribe, biraz hem ylym bilen emele gelýän bolsa gerek. Ugurtapyjylyk ulanylan ýerlerine görä adamlary size mekir, aldawçy diýmegi hem mümkin, ýöne siz öz hünäriňizi görkezip kynçylykdan halas boldyňyz.

Bir aýal entek öýlenmedik ogluna bir gün:

— Meniň görkezen gyzym bilen öýlenersiň!

Ogly:

— Ýok, men entäk öýlenmek islämok

— Ýöne saňa görkezjek gyzym ýurduň iň baý adamynyň gyzy.

Onda bolýar

Ejesi şol ýurdyň iň baý adamyna jaň etdi we:

— Seniň gyzyň meniň ogluma durmuşa çyksyn!

— Ýok

— Ýöne meniň oglum ýurduň iň uly bankynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär.

— Beýle bolsa bolýar.

Ejesi ýurduň iň uly bankynyň başlygyna jaň etdi.

— Meň oglumy bankyňa orunbasar edip işe al!

Başlyk:

— Ýok, ol ýerde işleýän adamym bar.

— Ýöne meniň oglum ýurdyň iň baý adamynyň körekeni!

— Onda bolýar gelsin.

Bu ugurtapyjylykmy ýa-da syýasatmy bilmedimdä?! Ýöne täsin usul :))

Ugurtapyjylyga degişli başgarak bir hekaýa aýdyp bereýin.

Nabugara atly general güýçleriniň duşmandan gat-gat ejiz bolsada söweşmek kararyny alypdy. Özüniň ýeňşe bolan ynamy bardy ýöne esgerleriniň içinde ruhypeslik we şübhe bardy. Ýollarynyň üstünde bolan Shinto ybadathanasynyň öňünde durdylar. General:

— Birnäçe wagt ybadathana girip karnilerden kömek sorajak. Soňra çykyp teňňe zyňjak. Ýazgy gelse ýeňeris ýöne tugra gelse ýeňiljekdigimiz. Indi ykbalymyz onuň elleriniň arasyndadyr-diýip ybadathana girdi.

Birnäçe wagt doga eden Nabugara meýdana çykdy we elindäki teňňäni howa zyňdy. Ýazgy gelipdi. Esgerleriň ruhy göterildi. Esgerler ýeňjekdiklerini bilip bar güýçleri bilen ýeňşe ylgadylar we haýran galaýmaly derejede gysga wagtda duşmany ýeňdiler. Ýeňişden soň kömekçisi generalyň ýanyna gelip begençli:

— Diýmek hiç kim ykbalyny üýtgedip bilmeýän eken. Siz muny subut etdiňiz.

General elinde tutýan hileli teňňesine seredip diňe:

— Kim bilýär-diýdi.

Bir tarapdan seredeniňde general hile etdi we hemme esgerlerini aldady.

Ikinji tarapdan eger ol hileli usul bilen olary aldamadyk bolsa ähli esgerler ol söweşde ölerdi. Ol esgerleriň ruhyny götermek üçin bu ýoly saýlady. Ugurtapyjylyk etdi.

Käwagt diýseň köp işleýäris şeýle dälmi?! Maksadymyza ýetmek üçin köp hereket edýäris, okaýarys,işleýäris,ýadaýarys, ýöne gapdaldan seretseň welin şol duran ýerimizde durşumyz.  Özümizden soraýarys:”näme üçin başaramok? Şunça jan etsem-de öňümde goýan maksadyma tarap bir ädim hem ilerlemändirin?. Güýjim ýerinde, emma näme üçin bolanok?!

Şuňa meňzeş wakalary başdan geçiren biri bar eken.

Bir wagtlar güýçli bir odunçy bir agaç satýandan iş isläpdir we işe alnypdyr. Işiň hem aýlyk hem-de iş şekili gowy eken. Bu sebäpli odunçy elinden gelenini etmäge karar beripdir.

Başlygy oňa palta beripdir we işlemeli ýerini görkezipdir. Odunçy gaýrat edip 1-nji gün 18 agaç kesip getiripdir.

— Berekella! – diýipdir başlyk.

— Işiňe şeýdip dowam ediber.

Başlygynyň bu aýdanlaryndan has-da ruhlanan odunçy ertesi gün has-da gaýratly işläpdir. Ýöne diňe 15 agaç kesip getiripdir. Bu ýagdaýdan biraz utanypdyr.

3-nji gün has köp keseýin diýip gaýrat edipdir. Ýöne diňe 10 agaç kesip getiripdir. Her geçen gün kesip getiren agaç sany has-da azalmaga başlapdyr.

“Güýjüm kuwwatym azalanok ýöne näme bolýar” – diýip oýlanypdyr odunçy we başlygyna gidip ötünç sorapdyr. Köp işleýändigini ýöne kesýän agaçlarynyň sanynyň azalýandygyny aýdypdyr. Munuň sebäbini hem bilmeýändigini aýdypdyr.

Başlygy oňaIň soňky gezek paltaňy haçan kesgirletdiň-diýip sorapdyr.

— Kesgirletmekmi?! Men odun kesmek bilen şeýlebir meşguldym, paltany kesgirletmek hiç aklyma gelmedi.

Durmuşda hemişe şol bir işi etmek bilen meşgul bolmak ýa-da köp işlemek üstünlik üçin ýeterlikli däl. Bu wagt içinde arada durup, özüňizi ökdeletmek we has ökde bolmak üçin näme etmelidigiňizi-de öwrenmek gerek. Ýagny arada bir durup öz şahsy paltaňyzy kesgirletmelisiňiz!

Lo atly bir adam arassaçylyk işini gözläp bir firma barypdyr. Işe alynmak üçin ýörite taýýarlanan synagdan geçmeli eken. Synagy üstünlik bilen geçipdir. Soň  onuň ýanyna synagy alan gyz gelip:

Lo-Siz işe alyndyňyz indi siz maňa e-mail adresiňizi beriň men size işe haçan başlajakdygyňyz barada maglumatlary goýbereýin.

Adam özünde   e-mail poçtasynyň ýokdygyny aýdypdyr. Onsoň gyz:

— Bagyşlaň bize görä e-mail poçtasyny ulanyp bilmeýän adam oňa tabşyryljak möhüm wezipäni hem ýerine ýetirip bilmez. Bagyşlaň biz sizi bu işe alyp bilemizok.

Adam gynanypdyr, ýöne elinden geljek bir zat ýokdy. Köçä çykyp assadan öýüne tarap ýöremäne başlapdyr. Jübüsini barlap görse 10 manady bar eken. Adam biraz oýlanandan soň ugryny öýüne dälde, bazara tarap öwrüpdir.

Bazara baryp 10 manatlyk tut agajynyň miwesini satyn alypdyr we köçe-köçe aýlanyň öýleriň gapylaryny birin-birin kakyp ýaňky alan tudyny 11 manda satypdyr. Ýene bazara baryp 11 manatlyk tut satyn alyp we şeýdip satypdyr.Şeýde-şeýde  agşama çenli söwda edipdir. Agşam adam öýüne baranda jübüsinde öňki pulynyň 2 essesi bardy. Ertesi günden başlap her gün şeýdip işlemäge başlapdyr.

Aradan 5 ýyl geçdi. Ol adam indi ýurdyň iň güýçli miwe we gök-önüm satyş firmasynyň başlygydy. Daşary ýurtlar bilen ediljek şertnamanyň düzümini düşünişmek üçin ol firma jaň etdi. Jaňy başlygyň sekretary aldy. Adam oňa näme üçin jaň edendigini aýdanyndan soň sekretar:

— Düşnükli, siz maňa e-mail adresiňizi beriň men size soň başlygyň haçan siz bilen görüşjekdigini aýdyp bilerin.

Adam özünde e-mail poçtanyň ýokdygyny aýdypdyr.

Sekretar:

— Siz e-mail poçtaňyz ýok halyna bu derejä ýetipsiňiz. Eger e-mail poçtaňyz bolan bolsa  nähili bolardy.

Adam gysgaça:

— Nähili boljagym belli, siziň firmaňyzda arassaçylyk işlerini edýänlerden bolardym…

Ýagny,diýmek, durmuşda üstünlige ýetmek üçin :

  1. Umydyňyzy hiç haçan kesmäň. Umytly boluň.
  2. Yhlasly boluň başy erbet bolup biler ýöne hekaýaňyzyň soňy size bagly.
  3. Töweregiňizdäkileriň sizi ruhdan düşürmek üçin aýdanlaryna üns bermäň.
  4. Wakalara hemme taraplaýyn seretmäge synanşyň.

5.Köp kitap okaň ylmyňyzy artdyryň. Öwrenmäniň ýaşy ýok.

  1. Diňe bir ýoly saýlap: “Şu ýoldan başga ýol maňa gerek däl”-diýip ýörmäň . Ugurtapyjy boluň. Ýollaryň biri ýapyk bolsa beýlekisi hökman açyk bolar.
  2. Özüňizi kämilleşdiriň, öz ýolyňyzy özüňiz guruň!

 

Çaryýewa Oguljennet

Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersitetiniň talyby.

Grodna şäheri, Belarus.

Ýene-de okaň

Win 1000 Manats for the Word of the Year: Presented by Makul Sözlük

New Building of Kazakhstan’s Consulate Opens in Turkmenbashi

Turkmen-Japanese Economic Cooperation Deepens in Green Energy and Sustainable Infrastructure

Turkmenistan Approves State Program for Ensuring Aviation Security

Kazakhstan’s Ambassador visits western region of Turkmenistan

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?