GENERAL

Beýik işe hyjuw barka ýürekde ýa-da şahyrlary okap nädip millioner bolmaly

Asyl üstünlik näme? Biz bu sözi häzirki wagtda diňe dar manyda ulanýarys we diňe gazançda görýäris. Emma üstünlik her bir hünärde gazanylan kiçijek ýeňişlerdir. Çünki «Ähli zadyň başlangyjy kiçijekdir» diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Üstünlik sözüni ýer ýüzündäki adamlaryň her birinden sorap çyksaň hersi aýry-aýry jogaplary bererler.

Üstünligiň anyk düşündirişiniň bolmaýşy ýaly üstünlik hekaýalary hem biri-birinden tapawutlydyr. Muňa men «Makul hyzmat» terjime merkeziniň kitap tekjelerinde ýerleşdirlen üstünlik hakynda ýazylan kitaplary okanymda ýene bir gezek anyk göz ýetirdim.

Ýeňiş gazanmak isleýän adamlaryň geçilen ýola ýolagçy bolman, täze ýoldan ýöreýändiklerini gürrüň berýän hekaýalaryň birnäçesini okanymda, olarda ýekeje bir zadyň umumylygy ünsümi çekdi. Ol hem öçmejek hyjuwdy. Üstünlige ýetmek üçin maksatdan öňde hyjuw gerekdir. Hyjuw üstünligi şeýle bir özüne baglapdyr welin haçan-da hyjuw bolmasa başdaky nokada dolanyp geljekligi birnäçe gezek subut edipdir.

Şowsuzlygy, hyjuwy üstünlige baglaýan şahyrymyz Çary Ýegenmyradow: «Şowsuzlyk nä aýypmy? Beýik işe hyjuw barka ýürekde» — diýip, bellemek bilen şowsuzlygyň hem hyjuwyň ýanynda hiç zatlygyny goşgy setirlerinde beýan edipdir.

Şahyryň goşga siňdiren setirleri ýaly ýürekde hemişe beýik-beýik işlere hyjuw bolsa hiç bir kynçylyk siziň öňüňizde böwet bolup bilmez. Emma, bu yşygy söndürmek üçin seni saklajaklar bolsa köp bolar. «Bolmaýar how», «Biderek wagt ýitirme» diýen ýaly sözleri köp eşidersiň, tankytlanarsyň. Ýöne, unutma Gün şöhlesi älem-jahany ýylatsa-da, ähli janly dünýä üçin zerur gerek bolsa-da, ýarganat ony görende gizlenýändir. Diňe ýüregiňdäki hyjuwyňa gulak as. Ony yzarla, amal et!

Durmuşda ähli adamyň üstünlik gazanasy gelýär, emme olaryň ählisine bu başartmaýar. «Iş gören it gaplaňy-da awlar, söweş görmedik ýolbars tilkiden-de gorkar» diýişleri ýaly üstünlige hereketde bolanlar, amal edenler, zähmet çekenler ýetýändir. Üstünligiň çägi ýokdur. Şonuň üçinem ýüregiňizdäki hyjuwa diň salyň. Goý, ol sizi menzillerden, menzillere aşyrsyn. Üstünlik hekaýaňyzyň her bir setirine üstünlik çaýsyn.

Gunça GURBANMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünärini talyby.

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council