GENERAL

«Açyk gapylar» gününe çagyryş

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2019 — 2020-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 13-nji aprelinde, 11-nji maýynda we 8-nji iýunynda “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler. “Açyk gapylar” günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar.

Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefonlary: 34-07-77, 34-25-64, 34-27-09.

 Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama kö­çe­si­niň 94-nji ja­ýy. Te­le­fon­la­ry: 800322-9-33-92, 8003229-40-68, 800322-9-27-47.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesi­niň 1-nji “A” ja­ýy. Te­le­fon­la­ry: 800422-9-89-56, 800422-9-87-71, 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçe­si­niň 1-nji ja­ýy. Te­le­fon­la­ry: 800564-6-00-83, 800564-6-07-84, 800522-6-30-82.

Ýene-de okaň

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format

Turkmenistan and Uzbekistan Discusses Prospects for Agricultural Cooperation