GENERAL

Awraam Linkolnuň oglunyň mugallymyna ýazan haty

Amerikanyň Birleşen Ştatarynyň 16-njy Prezidenti bolan Awraam Linkoln oglunyň mugallymyna hat ýazýar we mugallyma käbir pikirlerini beýan edýär. Biz bugün Size “Geçmişden geljege üstünligiň hekaýalary” atly kitapdan terjime edip ol hatdan käbir setirleri ýetirýäris.

Wagtyňyzy aljakdygyny bilýärin, emma oňa öwredip bilseňiz, gazanylan 10 sentiň, tapylan 10 dollardan  has gymmatlydygyny öwret.

Oňa ýitirmegi öwrenmegi öwret, edil şonuň ýaly gazanmakdan lezzet almagam.

Goý, ol zalymlaryň daşky rüstem görnüşiniň ýasama bolýandygyny ir öwrensin.

Eger başarsaň, oňa kitaplaryň gudratyny öwret.

Oňa ümsümligi diňlemegi – asmandaky guşlaryň, Güneşiň astyndaky arylaryň, ýap-ýaşyl meýdandaky gülleriň baky syryny düşündir.

Okuwda ýalňyşmagyň, ýalançylykdan has ýokarda durýan mertlikdigini öwret.

Oňa öz pikirlerine ynanmagy, hatda her kim oňa ýalňyşdygyny aýdanda-da, ýene ynanmagy öwret.

Ähli ynsanlary diňlemegi öwret, emma ähli eşidenlerini hakykat eleginden geçirip,

diňe gowy taraplaryny kabul etmegem öwret.

Eger başarsaň, kynçylyklara garşy nähili ýylgyrmalydygyny, Gözýaşyň utanç zat däldigini öwret.

Oňa güýç-kuwwatyny we beýnisini iň ýokary baha satmagy, ýöne hiç wagt ýüregine we ruhuna satlyk bahany goýmazlygy öwret.

Şermende adamlara duşanda gulagyny dykmagy, eger özüniňkiň dogrudygyna ynanan ýagdaýynda dim-dik durup göreşmelidigini öwret.

Setirleri şeýle ajaýyp söz bilen tamamlaýarys!

Eger duşmanyňy söýmek, duşmanyňam seni söýmegini isleýän bolsaň, 40 gün onuň ýagşy tarapyny we haýyrly işlerini aýt. Görersiň, şonda duşmanyň seniň iň ýakyn dostuň bolar. Çünki ýürekden dile, dilden ýürege ýol bardyr. J. Möwlana

Ýene-de okaň

National Leader of Turkmenistan Expresses Condolences to the President of Iran

Turkmenistan Airlines Suspends Flights to Dubai and Jeddah

Turkmenistan expresses concern over the escalation of tensions in the Middle East

Ata Watan Eserleri

Meeting of the Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan with the Minister of Foreign Affairs of Azerbaijan

Turkmenistan and Azerbaijan Strengthen Inter-MFA Dialogue

Accreditation of the Permanent Representative of Turkmenistan to IRENA