GENERAL

“Ata Watan Eserleri”: “E-Kitap” hökmünde halk köpçüligine ýetiriler

“Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirýän “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigine gyzyklanma örän ýokary. Döredijilik bäsleşigi “Aý Sözen Management Consulting” we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Bäsleşige häzirki döwre çenli jemi  88 eser hödürlendi we şol eserleriň 60 sanysy eminler toparyndan azyndan 50 bal alyp, “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyna ýerleşdirildi. Hödürlenen eserlerden 13  sany eser bäsleşigiň mowzugy-“Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugynda ýazylmandygy sebäpli saýta ýerleşdirilmedi. Hödürlenen eserlerden 15 eser bolsa häzirki döwürde eminler agzasy tarapyndan içgin okalýar. Bäsleşigiň şertlerine görä, 2020-nji ýylyň 10-njy marty güni sagat 15:00-a çenli “atawataneserleri@gmail.com” salgysyna gelen eserler bäsleşige kabul ediler.  Bäsleşik 30-nji Mart 2020 senesinde ýerli sagat bilen 15:00 wagtynda jemlener. Baýrak gowşurylyş dabarasynyň senesi  bolsa goşmaça yglan ediler.

Hormatly Okyjylarymyz!

Bäsleşigimiziň şertlerine görä, ýeňijiler kesgitlenende eminler toparynyň beren baly 50 göterim täsir edýän bolsa, saýtdan şol eseriň okalan sany hem 50 göterim täsir edýär. Bellemeli zat, eserler saýtymyzyň türkmen, iňlis we türk dillerindäki sahypalarynda hem ýerleşdirilendigi sebäpli “okalan sany” jemlenende şol 3 dildäki “ähli okalan sanlary” hasaba alnar we jemlener. Mysal üçin “A” eser türkmen dilinde 3450 gezek, türk dilinde 2000 we iňlis dilinde 1000 gezek okalan bolsa, onda, şol eser 6450 gezek okaldy hasap ediler. Sebäbi biziň okyjylarymyz diňe bir ýurdumyzyň çäginde bolman, dünýäniň dürli künjeklerinden on müňlerçe okyjy saýtymyzdaky habarlary yzygiderli okaýar. Şonda, käbir okyjylarymyz esasy sahypa hökmünde türkmen dilini saýlan bolsa, käbir okyjylarymyz türk ýa-da iňlis dilini saýlaýarlar.

Ýene bir bellemeli zat,  saýtda okyjylaryň sanyny artdyrmak üçin käbir emeli usullaryň ulanylmagynyň öňüni 100 göterim aradan aýyrmak başartmasa hem, şeýle synanşyklaryň köp derejede  öňi alyndy.  Bu ýerde biz saýtymyzdaky “okalan sanyny” hasaba almak bilen bu “okalan sanynyň”  “hakyky okalan” sany bilen deň  bolmagyny gazanmak üçin “GOOGLE ANALYTICS” maglumatlaryndan peýdalanarys.  Bellemeli zat, “GOOGLE ANALYTICS” maglumatlary “Google” kompaniýasy tarapyndan hödürlenýän we web saýty boýunça hakyky maglumatlary görkezýän iň ygtybarly çeşmeleriň biridir.

Şol sebäpli  ýörite programmanyň hem kömegi bilen 7-nji Mart 2020 senesinde, 14-nji Mart 2020 senesinde, 21-nji Mart 2020 senesinde we 28-nji Mart 2020 senesinde  saýtymyzdaky “okalan sany” bilen “ GOOGLE ANALYTICS” maglumatynyň saýtymyzdaky her bir eser  boýunça berýän “okalan sanynyň” deň bolmagy üpjün ediler. Şeýlelikde, käbir emeli usullar bilen “okalan sany” artdyrylan hem bolsa, bu ýagdaý ýörite programmanyň üsti bilen aradan aýrylar.

Şu  ýerde köp sanly okyjylarymyzyň haýyşyny hasaba almak bilen, şeýle hem  şu wagta çenli “Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugynda şeýle gymmatly eserleriň gelip gowuşandygyny nazarda tutup,  bäsleşigie hödürlenen eserlerden iň gowylaryny jemläp ýörite “e-kitap” edip neşir etmegi meýilleşdirýändigimizi habar berýäris. Döredijilik toparymyz tarapyndan taýýarlanan bu “e-kitap”  PDF formatynda halk köpçüligine ýetiriler we saýtymyzdan almak mümkin bolar.

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council