GENERAL

Aşgabatda ÝB-niň resmi wekilhanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär

Şu gün ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky missiýasynyň baştutany Kristian Berger bilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde häzir öňdebaryjy orny eýeleýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde sebit we sebitara gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary parahatçylyk döredijilikli mümkinçiligini görkezýän strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depgini bellenildi. Munuň şeýledigine eýýäm amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän, şol sanda bilim, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ulgamlarynda ýerine ýetirilýän bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy, şeýle hem 2019-njy ýylda Aşgabatda ÝB-niň resmi wekilhanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilmegi şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň fewral aýynda Belgiýanyň paýtagtynda geçirilen ÝB — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiň 18-nji duşuşygynyň netijelerine oňyn baha berildi. Şol duşuşygyň gün tertibine söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça işlenilip taýýarlanylýan täze Strategiýasynda Türkmenistanyň ykdysady syýasatyna degişli ulgamda özgertmeleri öňe ilerletmek baradaky meseleler girizildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň hem-de Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge täze çemeleşmeleriň bilelikde işlemegiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin pugta binýat bolup durýandygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

The checkpoints on the Turkmen–Iranian border continue to operate normally

Turkmen equestrian art triumphantly presented in Baku

Turkmenistan has accepted more than 200 citizens from 16 countries evacuating from Iran.

National Leader of Turkmenistan Expresses Condolences to the President of Iran

Turkmenistan Airlines Suspends Flights to Dubai and Jeddah

Turkmenistan expresses concern over the escalation of tensions in the Middle East

Ata Watan Eserleri