GENERAL

Ýaşaýyşyň iň kyn şäherleriniň üçüsi Russiýada

Ispaniýanyň “El Pais” neşiri ýaşamak we syýahat etmek üçin iň amatsyz şertleri bolan şäherleriň sanawyny düzdi. Ilkinji bäşlikde Rusiýýanyň demirgazygynda ýerleşýän üç şäheriň bolmagy bu sanawyň täsinlikleriniň biridir.

1. Oýmýakon şäheri (Russiýa, Sibir). Bu ýerde howanyň derejesi gyşda 72 gradusa çenli sowap bilýär. Şeýle sowukda ol-a ýaşamak we syýahat etmekmiş, bary-ýogy birnäçe minudyňy geçirmegiň özi hylalla.

2. Ýakutsk şäheri (Russiýa, Sibir). Edil Oýmýakon ýaly bolmasa-da, bu ýerde aldajy sowuk içiňden geçip barýar. “El Paisiň” ýazmagyna görä, bu ýerde gyşda howanyň sowuklygy 40 gradusa çenli ýetýär.

3. Werhoýansk şäheri (Russiýa, Sibir). Sibiriň bu şäherinde bolsa howa birden-birden güýçli derejede üýtgäp bilýär. Ol-a 40 ýa 70-miş, taryhyň belli bir döwürlerinde bu şäherde sowugyň 100 gradusa ýakynlandygy aýdylýar.

4. San-Luis-Rio-Kolorado (Meksika). Eger Sibir şäherlerinde sowuk heläk edýän bolsa, syýahatçylaryň köpüsine bu ýerdäki yssy ýaramaz täsir edýär. Bu ýerde adaty günlerde howanyň derejesi 60 gradusa çenli ýetip bilýär.

5. La-Rinkonada (Peru). Şahtaçylaryň şäheri deňiz derejesinden 5099 metr belentlikde ýerleşýär.

 

Ýene-de okaň

Published Makul English-Turkmen Language Handbook

Ata Watan Eserleri

Meeting of the Working group on Trade-economic cooperation between Turkmenistan and the United States of America

Iran’s Foreign Minister Thanks Turkmenistan for Evacuation Aid and Humanitarian Support

Protocol on the preparation for the Council of Heads of Government of CIS

The European Union and Turkmenistan strengthen economic cooperation at Business Forum in Ashgabat

The Turkmen Peace