GENERAL

Ýaşajyk Useýin Bolt ýetişip gelýär

Ýeňil atletikanyň öňde-soňra görlen ussatlarynyň iň beýigi, dünýä rekordlarynyň ençemesiniň eýesi ýamaýkaly türgen Useýin Boltuň geçen ýyl karýerasyny tamamlandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr. Dünýäniň iň ýyndam adamynyň yzyny dowam kimiň dowam edip biljekdigi baradaky sowallara geçen hepde-de heniz 7 ýaşlyja türgen Rudolf Ingram täsin başarnygy bilen jogap berdi. Körpe ýyndam 100 metr aralygy bary-ýogy 13,48 sekuntda geçip, akyllary haýran etdi.

Eýýäm «Uly alaw» lakamyny alyp ýetişen ýaşajyk türgen eýýäm sport jemgyýetçiliginiň nazaryna ildi. Dünýäniň meşhur ýeňil atletika klublarynyň aglabasy geljegiň Useýin Bolty bilen işleşmek isleýärler. Onuň ýeňil atletikadaky we amerikan futbolyndaky ynanylmajak ýyndamlygy NBA ýyldyzy Lebroý Jeýmsiň we amerikan futboly ligasynyň meşhur toparlarynyň biri «Tampa Bay Buccaneers»-iň hem ünsüni özüne çekdi. Aslynda, onuň sosial mediada eýýäm 400 müňden gowrak muşdagy bar.

Ýene-de okaň

Protocol on the preparation for the Council of Heads of Government of CIS

The European Union and Turkmenistan strengthen economic cooperation at Business Forum in Ashgabat

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”