GENERAL

Ak zat alnyňa ýagşy

Ak zat – türkmen milli edebi diliniň çeper sözleýiş tärinde diňe oňatlygyň, gowulygyň yşaratyny alamatlandyrýar. Muňa türkmen halkynyň ruhy dünýäsine – mili yrym-ynançlarymyza, atalar sözi bolan nakyllarymyza ser salanymyzda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Mysal üçin, ýaşulularymyzyň ýaş ýigitlerimize iň ýagşy arzuwy bolan “Ak gyz ýoldaşyň bolsun“ – diýen atalar sözüni alyp göreli. Şu atalar sözünde “Ak reňkdäki gyz gelinligiň bolsun”diýildigi däldir. Ol – türkmen gyzyna mahsus bolan agraslylyk, salyhatlylyk, mylakatlylyk, asyllylyk, çekinjeňlik, utanjaňlyk ýygralylyk ýaly şeýle ajaýyp gylyk-häsiýetlere eýe bolan, şeýle gowy gyz gelinligiň bolsun” diýildigidir. Ýa-da bolmasa, biziň türkmen halkymyzda  haýsyda bir haýyrly iş sebäpli, ýolagçy bolup, öýden çykan adama „Ýoluň ak bolsun“ diýilýär. Bu söz bolsa „Ugran ugruň ugur alsyn“ diýen manyny aňladýar. Belli alym Gurbanjemal Ylýasowanyň „Türkmen yrym-ynançlary“ atly kitabynda ýerleşdirilen milli yrym-ynançlarymyzyň 26 sanysynyň „aklyk“ bilen baglanyşykly bolmagynyň özi hem, geçmişde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň çeper pikirlenmesinde ak zada oňatlygyň, gowulygyň yşaraty hökmünde garalandygyny aýan edýär. Türkmen halky öz maşgala durmuşynda ak zat bilen baglanyşykly aýtgylara aýratyn orun berip, perzentleriniň adyny hem “geljekde ak ogul, ýa-da ak gyz bolsun, ýagny ýüregi, ruhy, aňy, ykbaly ak, bagtly ogul-gyzlar bolsun” –diýen ýagşy niýet bilen ak zada utgaşdyryp dakypdyr. Ak sözüniň özüniň hem erkek adamynyň adyny  aňladýandygyny  filologiýa ylymlarynyň doktory T.Täçmyradowyň 1989-njy ýylda çykan  “Türkmen adam atlary” atly kitabynda duş gelmeklik bolýar. Bu kitapda türkmen halkynyň öz ogul-gyzlaryna ak ykbaly arzuwlap dakan Ak, Akat,  Akbaý, Akberdi, Akbota, Akweli, Akgeldi, Akguzy,  Akgenje,  Akgurban, Akguş, Akguzy, Akgylyç, Akdöwlet, Akdurdy, Akhan, Akjabaý, Akjagurban, Akjigit, Akjuma, Akköşek, Akly, Akman,  Akmeret, Akmet, Akmolla, Akmuhammet, Akmyrat, Akmämmet, Akmät, Aknazar, Aknepes, Akram, Aksakal, Aktelpek, Aktuwak, Akhümmet, Akja, Akbibi, Akbike, Akbäbek, Akgül, Akgyz, Akgözel, Akjemal, Akjahan, Akmaral, Akmeňli, Aknabat, Aknur,  Akpamyk ýaly bar. Ine şu nukdaýnazaryň özi hem, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde  – atalar sözi bolan nakyllarymyzda, milli yrym-ynançlarymyzda  ak zadyň  „Rysgal-bereketlilik“, „Döwletlilik“, „Şowlulyk“, „Bolçulyk“,  „Bagtlylyk“, ýaly leksik manylary aňladýandygyny örän aýdyň aýan edýär. Ýeri gelende aýtsak,  “aklygyň” many öwüşgini taýyndan şular ýaly köpdürli simwoliki mana eýedigine, onuň elli bäşden gowrak ylmy-pelsepewi leksiki many ýordumynyň bardygyna ylmy çeşmeleriň gözleginde bolup, türkmen we dünýä halklarynyň edebi mirasyna, däp-dessurlaryna ser salan mahalymyz gabat  geldik. Şeýlelikde aklyk – arassaçylygyň, nurlulygyň, päkligiň, halallygyň, sagdynlygyň, sahylygyň, salyhatlylygyň, mylakatlylygyň, ýakymlylygyň, sadalygyň, kiçigöwünliligiň, agraslylygyň, mähribanlylygyň, dostlugyň, beýik ynsanperwerliligiň, hoşniýetliligiň, çendenaşa beýikligiň, deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň, danalygyň, weliligiň, akyl-paýhaslylyň, akyldarlylygyň, aňrybaş kämilligiň, täsin öňdengörüjilikli  dünýägaraýşyň, özboluşly bir üýteşik ukyp-başarnygyň, ugurtapyjylygyň, ylymly-bilimliligiň, bakylygyň, şähdaçyklylygyň, şadyýanlylygyň, owadan ýaşaýşyň, bagtly ykbalylygyň, ajaýyp durmuşyň, gözel kysmatlylygyň, altyn geljegiň, ýagtylygyň, köpelmekligiň, bolçulygyň, eşretiň, rysgal-berekediň, durnukly ösüşiň, batly gadamlaryň, milli galkynyşyň, milli döwletliligiň, milli özygtyýarlylygň, milli garaşsyzlylygyň, milli bitaraplylygyň, kuwwatlylygyň, güýçlüligiň, şowlulylygyň, aýdyňlygyň, sabyrlylygyň, kanagatlylygyň, sowukganlylygyň, gülalagülligiň, uzyn ömürliligiň, bir söz bilen aýdylanda hakyky adam bolup ýaşamaklygyň yşaratyny alamatlandyrýar.

Toýly Jänädow

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification

Minister: Türkiye considers transit of Turkmen gas through Azerbaijan possible

The international tennis tournament “Ashgabat Open 2024” started in Ashgabat

British Delegation Visits Turkmenistan to Strengthen Educational Ties