GENERAL

Ak posalagyň üstünligi

Maslahata dumly-duşdan işewür bary gelipdi. Bu ýygnanyşykda adamlar ýakymly habara garaşýardy. Şeýle boljagy öňünden web-saýtlara, internet torlaryna doly habar edilipdi. Şonuň üçin gelenler öňküleriň çeni däldi. Duşuşyk başlamanka, myhmanlar çaý-kofeden mazaly nepesini durlapdylar. Bahana bilen gaýybana kärdeşler biri-birlerini ýüzbe-ýüz tanadylar. Dabarany gurnaýjylar maslahatyň başlanjagyny mälim edenden soň, toý töwwiri edilip, her kim ýerli-ýerine geçdi. Mejlisler jaýyna ýerleşeni ýerleşdi. Sygmadygy bolsa, binanyň daşyndaky teleköpri arkaly synlamagy makul bildiler. Bu duşuşygyň adatdakydan üýtgeşik boljagy her kesiň kalbyny gobsundyrýardy. Hatda geçip barýan ýolagçylaram säginip, hümer bolup duranlara haýran galýardy. Olardan geleň bermän geçip gidýäni haýsy, üýşmeleňe goşulýany haýsy.

Dabara başlandy. Garaşylan kişini ykjam el çarpmalar garşy aldy. Ýygnagy alyp baryjy ýigit bolsa arzyly myhmana ýüzlendi.

– Jenap, bu gün ýene siz bilen erkin duşuşyk. Dogrusy, şu pursada kän garaşdyk. Biz dumly-duşa habar ýollamyzda, ildeşlere bu ýygnagyň syrlydygyny aýdypdyk. Ol syr size-de, oturanlara-da mälim däl. Gepiň külesi, sizi habarly etmän, bir sowal taýýarladyk – bu sözden soň jenabyň ýüzi laplap ýandy. Göwnüme bolmasa, ol bir zatlar duýýan ýaly müýnürgedi. Az-kem aljyrady. Emma bildirmezlige çalyşdy.

– Bildigimden jogap bereýin…

– Berjek sowalymyz siziň entek hiç ýerde söz açmadyk temaňyz dogrusynda. Bilesimiz gelýän zadam, siziň gysga wagtda ýeten derejäňiziň, üstünligiňiziň syry. Has dogrusy, bu ýola äden ilkinji ädimiňiz. Bu barada ýekeje makalaňyzda-da maglumat ýok. Siz ony has pynhan saklaýan bolmaly. Her gezek reportýorlaryňam,  žurnalistleriňem bu hakdaky sowallary jogapsyz galýar. Ýa-da gürrüňiň hörpi başga ýana sowulýar. Şu ýere ýygnananlar üçinem bu mesele gyzykly bolsa gerek. Belki-de, şu pursat siz üçin ýeke-täk “mümkinçilikdir?!”

Myhman esli dymdy. Derjigen maňlaýyny syryp, bulguryndaky suwundan owurtlady. Soň gaýta diňşirgendi. Ahyry ardynyp söze başlady.

– Ýeri bolýa. Teklibiňiz makul. Emma bu barada söz açmak maňa gaty çetin. Ýöne millet bir sowalyň hatyrasyna gelen bolsa, hötdesinden geljek bolaýyn – diýip, jaýdar ornaşyp, söze başlady…

***

Çagajyk kän özelendi. Edeniniň ugruna däldigine-de ejap edýän ýalydy. Kän synanyşdy. Ýykyldy, turdy… Gözüniň gytagy bilenem kä kakasyna seredýär. Ýalňyşmasam, ol dalda mätäç. Soňam edip oturan işini äpberip, oýnamaga gitdi. Bärde bolan üýtgeşik zadam ýok. Ol diňe çarpaýanyň  çüýjagazyny goparypdy. Belki-de, bu çaga oýnydyr. Ýöne, perzent dünýäsem başga bolýar, ahyry. Ýatar wagty bolanda, ejesi ony alyp gidýärdi. Ukudan turup gelende, barmajygyny ýene-de şol öňküje ýere uzatdy. Ejesi bolsa:

– Oguljygym, näme bar o taýda? Jäjekleňem-ä ýok o ýerde?

Kakasy pessaý seslendi.

– Degme, oýnasyn!

Posalagyň kakasy gazetde “Üstünlik nireden başlanýar?” diýen makalany okaýardy. Gähi-de, oguljygyna gabagyny galdyrýardy. Oglanjyk ýaňy aýak biten çülpe-de bolsa, matlabyndan el üzenokdy. Goparylan çüýi suňşurjak bolup jan elekdi. Ahyry, irdimi, nämemi, topjagazlaryna güýmeneýin diýip iki-baka çabjady. Ýöne “yhlas sallançagy” ýene ony ýumşak penjesinde ezizledi. Ýene-de çüý, ýene-de çarpaýa… Kakasy baragada, çüýi ýerine oturdypjyk beräýse, bolman durmy?! Edäýenok. Gördüň-bakdyň, çaga kösenip otyr. Şeýle-de bir doňbagyr bolup bormy?! Ýa bu zatlar oglanjygyň peýdasynamyka?! Belki-de. Ýöne bu onuň geljekki ykbalyna nur çaýmagam ahmal-a.

Oglan çendan-ýarym öz dilinde bir zatlar diýýärdi. Göwnüme bolmasa, ol kakasyna: “Kaka, azajyk garaş. Bolup barýan” diýýäne çalym edýärdi. Käte, goparan çüýjagazyny eline alyp, naýynjar pyşyrdaýar. Soň iş ýene dowam edýär. Esli kösense-de müzzermedi, şumjarmady. Gaýta “işine” mäkäm ýapyşdy. Arasynda ýaplanyp ýatan pederine ýylgyryp bakýar. Alkymyna gelip süýkenjireýär. Kakasam oňa guwanç nazary bilen seredýärdi. Mähirli ýylgyryş belki-de oňa gop berýän bolmaga çemeli.

Ahyry boldy! Ine, boldy! Bäbejik çüýi ýerine oturtdy. Ol şeýle bir jakyrdap güldi. Yzyndanam ellerini çarpdy. Özem ýürekden, çyny bilen. Elhepus! Gör-ä, bolýan zatlary. “Boljak oglan başda belli” diýleni. Ine, üstünlik. Bu pederiň ogluna bolan ilkinji buýsanjydy. Kakasy begenjini içine sygdyryp bilmän, uly ili bilen gygyrdy.

– Ejesi!

– How, kakasy!

– Gör “ussat perzendiň” eden işini.

Ejesi gelse, ataly-ogul ýylgyryşyp otyr. Ene bolsa, nämäň nämedigini biljek bolýardy. Kakasy başdan-aýak hemmesini gürrüň berdi. Mähriban enäniň bolsa gözünden akan boýur-boýur ýaşy duluklaryna syrygyp gitdi. Soňam balasyny pugta bagryna basdy…

– Heý beýdäýmek bormy? Wah balajygym. Kösendiňmi… – diýse-de, diýdi welin, är işini bitren jigerine guwanmanam durmady.

***

Myhman bolan wakany çyny bilen gürrüň berýärdi. Çünki, bu gürrüň öň hiç ýerde edilmändi.

– Hawa, ol oglanjyk häzirem bar. Özem siz ony gowy tanaýaňyz. Ol söýgüli ene-atanyň yhlasy bilen kän-kän üstünliklere ýetdi.

– Jenap, siz ony gördüňizmi?

– Ol siziň edil öňüňizde otyr…

Gatnaşyjylaryň sähel salymyň içinde ör turup döreden şowhuny mejlisler jaýyny göçürdi. Kimisi göz-ýaşyny süpürse, kimisi jenaba gül desselerini gowşurýardy. Käsi bolsa, ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş edýärdi. Ýöne bulaň içinde surata düşeni has kän boldy…

Ýolaman GURBANOW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council