GENERAL

«Ahal» AFK-nyň kubogy ― 2019-a ýeňiş bilen başlady

Şu gün türkmen futbolçylary AFK-nyň kubogy ― 2019 halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdiler. Milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň geçen möwsüminiň kümüş medalçysy ― «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary myhmançylykda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň «Alaý» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, 27-nji fewralda Türkmenistanda geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy. Duşuşyk Oş şäheriniň A.Suýumbaýew adyndaky stadionynda geçirildi.

Duşuşykda hasaby ilki bolup türkmen futbolçylary açdylar. 20-nji minutda Abdy Bäşimow «Ahaly» öňe çykardy. Şondan 15 minut soňra «Alaý» Eldiýar Sardarbekowyň dürs jerime urgusy bilen hasaby deňledi. 39-njy minutda «Ahalyň» futbolçylary hasaby ýene-de öz peýdasyna özgertdiler. Şeýlelikde, birinji ýarymda geçirilen pökgüler tutuş duşuşygyň ykbalyny çözdi. Hasap: «Alaý» ― «Ahal» ― 1:2.

Ýaş tälimçi Röwşen Meredowyň şägirtleri 27-nji fewralda geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandylar. Şol gün bu jübütleriň arasyndaky ýeňiji yglan ediler we ol saýlama tapgyryň indiki ädiminde Täjigistanyň «Hujand» topary bilen duşuşmaga hukuk gazanar.

AFK-nyň kubogy ― 2019-yň toparçalaýyn tapgyry 3-nji arprelde başlanar. Saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, toparça goşuljak futbolçylara Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr», Täjigistanyň çempiony «Istiklol» we Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» garaşýar.

Ýene-de okaň

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format

Turkmenistan and Uzbekistan Discusses Prospects for Agricultural Cooperation