GENERAL

Bir ýalynyň müň hyýaly: dildäki meňzetmeler hakynda oýlanmalardan

Bu söhbetdeşlige başgaça türkmen diliniň meňzetmeler diýarynda açylan sergi hem diýip bilerdik. Çünki biz bu ýerde dilimizdäki meňzetmelerden gürrüň bermekligi göz öňünde tutduk.

Bilnişi ýaly, türkmen dili, köplenç atlardan, ortak işliklerden ýa-da atlaşan sözlerden soňra “ýaly, ýalak, kimin, kibi, dek, deý, deýin…” sözsoňy kömekçileriň getirilmegi bilen ýasalýan ençeme (müňlerçe – 1000) meňzetmelere, deňeşdirmelere, kyýaslamalara eýeçilik edýär. Ynha, bu ýagdaý biziň ene dilimiziň özboluşly baýlygy bolup, emele getirýän pähiminden aňlanylýan mana özboluşly goşant goşýarlar.

Bu meňzetmeler türkmen halkynyň paýhasynyň nähili derejede baýdygyny görkezýän dil delillerine şaýatlyk edýär.

Bir (1) bilen müňüň (1000) deňeşdirilmegi türkmene mahsus häsiýetleriň biridir. Muny “Bir gün duza – müň gün salam” diýen durnukly aňlatma bilen hem düşündirip bileris. “Her bir dänäň müň bolsun!” ýa-da “Tohumyň müňlesin!” ýaly durnukly aňlatmalar ekiş bilen baglanyşykly bolsa, “Müň gaýgy bir iş bitirmez”, “Müň işçiden bir başçy” degişli meselä berilýän ünsi güýçlendirmek üçin ulanylypdyr.

Biziň söhbetdeşligimizdäki “1 ýaly bilen 1000 hyýaly” ýanaşyk getirmek bolsa dilimiziň  meňzetmelere gaty baýdygyny beýan etmek üçin alnan tymsaldyr.

Ilki mysal bilen başlamaklygy ýerlikli hasapladyk. Geliň, ussat türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň bir meňzetmesini bilelikde gözden geçireliň. Has dogrusy, meňzetmäniň nusgasy “ýumruk ýaly”. Ýazyjynyň eserlerinde bu meňzetme galybynyň ýüzlerçe nusgasy duş gelýär. Ynha şolaryň käbiri:

1.“Içine ýumruk ýaly gowurma taşlanyp, suwdan doldurylan çopan gazanjygy lasyr-lasyr gaýnaýardy.” [Berdi Kerbabaýew. Aýgytly ädim. 26-njy sah.]

2.“Ýumruk ýaly toýun kesek atbaşçylardan biriniň maňlaýyny pakgartdy. Bir oglana at toýnagy kaklyşyp, ony Honda zyňyp goýberdi.” [şol ýerde, 37-nji sah.]

3.“Ýer-suw üçin ýumruk ýaly çaga ýetişen gyzy dakyp, ikisini hem köýdürenleriň, has dogrusy, şeýle masgaraçylyklaryň, gülkünçlikleriň Artyk uzak gije oýlap, aňyrsyna çykyp bilmedi…”[şol ýerde, 48-nji sah.]

4.“Mehinli doga ýetim bolup, daýysynyň elinde ösüpdi, ýumruk ýalylygyndan işe bişişipdi.” [şol ýerde, 84-nji sah.]

Mysallardaky “ýumruk ýaly” meňzetmesiniň 3 sany sözlemindäki galyplar gurluşy taýyndan birmeňzeş bolsalar-da, many-mazmuny taýyndan bolsa biri-birinden tapawutlydyr.

Meňzetmäniň merkezinden orun alan “ýumruk” sözi deňeşdirme netijesinde ölçeg birligine öwrülýär. Meňzetmäniň esasy hyzmaty deňeşdirme bilen deňeşdirilýän zadyň arasyndaky ululyk we kiçilik ölçegini beýan etmekden ybaratdyr.

Birinji sözlemdäki deňeşdirme bilen (ýumruk ýaly) deňeşdirilýän zadyň (gowurmanyň) arasyndaky ölçeg ululyk ölçegidir.

Aslynda “gowurma” özüniň ölçegi babatdan “ýumrukdan” kiçidir. Beýleki tarapdan bakanymyzda-da, “ýumruk” özüniň ölçegi taýyndan “gowurmadan” uludyr.

Netijede, “ýumruk ýaly” meňzetmesi birinji sözlemde ululyk ölçegi üçin ulanylypdyr.

Ikinji sözlemdäki deňeşdirme bilen (ýumruk ýaly) deňeşdirilýän zadyň (toýun kesegiň) arasyndaky ölçeg ululyk ölçegidir.

Uçünji sözlemdäki deňeşdirme bilen (ýumruk ýaly) deňeşdirilýän şahsyň (çaganyň) arasyndaky ölçeg kiçilik ölçegidir.

Dördünji sözlemdäki (ýumruk ýalylygyndan) deňeşdirme-de kiçilik ölçegi üçin beýan edilip, “kiçiliginden”, “çagalygyndan” diýen many üçin ulanylypdyr.

Türkmen dilinde gürrüňi edilýän meňzetmeleriň umumy we has işjeň ulanylýan galyplarynyň biri “AT (ISIM) + ÝALY” galypydyr. Bu galypdaky at her dürli at bolup biler. Biz geçiren barlaglarymyzyň netijesinde türkmen dilindäki meňzetmeleri belli bir tematik tertibe salmak üçin häsiýetli aýratynlyklary esasynda aşakdaky ýaly topara bölmekligi ýerlikli hasapladyk.

1.ADAM + ÝALY: / YNSAN + ÝALY:

Bu toparda adamlaryň öz aralarynda belli bir şahsa meňzedilmegi göz öňünde tutulýar. “Adam ýaly” meňzetmesiniň iki häsiýetli aýratynlygyny bellemek bolar. Olaryň biri kiçi ýaşly çagalar bilen baglanyşykly ulanylýar. Kiçi ýaşly çagalara aýdylýan “adam ýaly” diýlen meňzetmäniň manysy olaryň hereketi, sözleýşi, häsiýeti boýunça özlerini edil adam ýaly alyp baryşlary bilen baglanyşyklydyr. Bu nusganyň türkmen gepleşiginde “uly adam ýaly” diýen görnüşi hem duş gelýär. “Adam ýaly” meňzetmesiniň ikinji nusgasy uly adamlar üçin bolup, köplenç düzediş beriji häsiýete eýedir. “Adam ýaly bol” diýen durnukly aňlatma “akylly bol”, “adam şekilli bol” manysynda gelip, adamçylyk häsiýetinden gyşarmakçy bolýanlar üçin ulanylýar. “Adam ýaly” meňzetmäniň ýene biri umumy deňeşdirme hökmünde ulanylýar.

Ynsan ýaly” meňzetmä umumylyk häsiýeti ýüklenilýär we adamzat nesli bilen baglanyşykly ulanylýar.

Çaga ýaly”, “çagajyk ýaly” meňzetmeleriň gurluş galyplarynda “çaga”, “çagajyk” diýen sözlere orun berilse-de, bular çagalar üçin däl, eýsem uly adamlar üçin ulanylýar. Geçiren gözegçiligimiziň netijesi bu meňzetmeleriň iki sany häsiýetli aýratynlygyny görkezdi. Birinjisi, duýduryş häsiýetlidir, ýaşyna laýyklyk hereket etmeýänler üçin ulanylýar.

Ikinjisi bolsa, begençli, şatlykly wakalardan soňra ýaşy ulalyşan adamlarda ýüze çykan häsiýetler meňzetme ýoly bilen berilýär: “Ýakynda oglunyň esgerlikden gaýdyp geljekdigi baradaky habara Aksoltan eje edil çagajyk ýaly begendi”.

Kähalatlarda kiçi we sap göwünli, arassa pälli adamlar üçin hem “çaga ýaly” diýen meňzetme ulanylýar: “Almaz aganyň öýke-kinesi bolmaz, edil çaga ýaly adamdyr”.

Oglan ýaly” (oglanjyk ýaly) diýen meňzetmäniň iki manysyndan söz açmak bolar. Olaryň biri oňyn manydyr, beýlekisi bolsa tersin manydyr.

Bu toparyň hataryna “gyz ýaly”, “heleý ýaly”, “aýal ýaly”, “erkek ýaly”, “är ýaly”, “ýigit ýaly”, “çykmadyk gyz ýaly”, “garry ýaly”, “kempir ýaly”…meňzetmeleri hem goşmak bolar.

2.HAÝWAN + ÝALY: / MAL + ÝALY:

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu toparda adamlaryň belli bir haýwana ýa-da mala meňzedilmegi göz öňünde tutulýar. Bu meňzetmäniň birnäçesini eşitmek adam üçin ýeňil däldir, ýöne şeýle bolsa-da, ýene muny adam, haýwan üçin däl, eýsem hut adam üçin ulanypdyr. Bu meňzetmäniň geň tarapy-da budur.

Nusgalar: haýwan ýaly, mal ýaly, döw ýaly, pil ýaly, düýe ýaly, aýy ýaly, öküz ýaly, sygyr ýaly, eşek ýaly, doňuz ýaly…

Bu meňzetmeleriň aýratynlygy, bir tarapdan, adamlardaky göwnüýetmezçilik, äsgermezçilik, ulumsylyk, gopbamlyk, ikinji tarapdan-da, gödeklik, boýnuýogynlyk, aşyry semizlik ýaly häsiýetlerdir.

Nusgalar: goýun ýaly, geçi ýaly, geçiň öň aýagy ýaly, guzy ýaly, owlak ýaly, ýylan ýaly, tilki ýaly, möjek ýaly, gaplaň ýaly, ýolbars ýaly, garynja ýaly, it ýaly, at ýaly, syçan ýaly, alaka ýaly…

2.GUŞ + ÝALY:

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu toparda adamlaryň belli bir guşa meňzedilmegi göz öňünde tutulýar.

Nusgalar: serçe ýaly, jikjiki ýaly, durna ýaly, garga ýaly, bürgüt ýaly, bilbil ýaly, torgaý ýaly, goşa gumry ýaly…

3.MIWE + ÝALY:

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu toparda adamlaryň belli bir miwä meňzedilmegi göz öňünde tutulýar.

Nusgalar: alma ýaly, nar ýaly, burç ýaly, garpyz ýaly, aýaklanmadyk garpyz ýaly, kädi ýaly, kelem ýaly, sogan ýaly, hoz ýaly…

5.BEDEN AGZALARY + ÝALY:

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu toparda predmetleriň, zatlaryň belli bir beden agza meňzedilmegi göz öňünde tutulýar.

Nusgalar: el ýaly, barmak ýaly, ýumruk ýaly, dyrnak ýaly, kelle ýaly, goşar ýaly, saç ýaly, sakal ýaly, gyl ýaly, içege ýaly, göz ýaly, kirpik ýaly, aýa ýaly…

6.IÝMIT, AZYK + ÝALY:

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu toparda predmetleriň, zatlaryň belli bir iýmite, azyga meňzedilmegi göz öňünde tutulýar.

Nusgalar: ýag ýaly, bal ýaly, suw ýaly, un ýaly, nan ýaly, çörek ýaly, duz ýaly, hamyr ýaly, süýt ýaly, possuk ýaly…

7.ADAM HÄSIÝETI + ÝALY:

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu toparda adamlara mahsus häsiýete meňzedilmegi göz öňünde tutulýar.

Nusgalar: ot ýaly, gunt ýaly, demir ýaly, daş ýaly, gül ýaly…

Geljekde türkmen diliniň baýlygynyň esasy çeşmeleriň biri bolan meňzetmeler, deňeşdirmeler ylmy esasda içgin öwrenilip, olaryň häsiýetli aýratnlykly ýüze çykarylar diýip umyt edýäris.

Ýene-de okaň

7th Interparliamentary Meeting of Turkmenistan and the European Union held in Brussels

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification