Dünýäniň 20-den gowrak ýurdy Hytaý Halk Respublikasyna koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ynsanperwer kömegi iberdi. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunin habar berdi.
– 5-nji fewral gününiň ýagdaýyna görä, 21 ýurtdan wirusyň öňüni almak üçin peýdalanylmaga niýetlenen serişdeler gelip gowuşdy. Ynsanperwer kömegini iberen ýurtlar: Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Tailand, Malaýziýa, Indoneziýa, Gazagystan, Pakistan, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Wengriýa, Belarus, Türkiýe, Eýran, BAE, AlJir, Müsür, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Trinidad we Tobago, şeýle hem ÝUNESEF – diýip, diplomat belläp geçdi.
şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) hem dünýä jemgyýetçiligini bu wirusa garşy göreşmäge çagyryp, onuň garşysyna ulanyljak derman serişdelerini taýýarlamak hem-de synag etmek üçin 615 million dollar möçberinde maliýe serişdesine zerurlygyň bardygyny mälim etdi. Britan alymlarynyň taýýarlan dermanlary synag üçin taýýar edildi. şeýle hem başga-da birnäçe ýurtda derman serişdelerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
BSGG-niň Baş direktory Tedros Adanom Gebreisus maliýe serişdeleriniň 60 millionynyň guramasynyň işlerine, galan böleginiň kömege mätäç ýurtlara iberiljekdigini mälim etdi.