GENERAL

Tokio Olimpiýa Oýunlary – ekologiýa taýdan arassa oýunlar bolar

Malim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji iýuly-9-njy awgusty aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Bu abraýly sport ýaryşy ekologiýa taýdan iň arassa oýunlar hökmünde dünýäniň taryhynda öz ornuny alar. Sport oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlerinde gaýtadan ulanylýan önümlerden işjeň peýdalanylýar.

Soňky maglumatlara görä, Olimpiýa şäherçesinde türgenleriň ýatýan krowatlary karton kagyzdan ýasalar. Onuň düşekçeleri bolsa plastikadan öndüriler. Bularyň bary oýunlar tamamlanandan soňra täzeden işlener. Olimpiýa şäherçesinde 18 müň krowat gurnalar.

Olimpiýa şäherçesiniň guramaçysy Takesi Kitadzimunyň aýtmagyna görä, krowatlaryň uzynlygy 2,1 metr bolup, ol 200 kilogram agrama çenli göterijilik kuwwatyna eýedir. Onuň agaçdan ýasalan krowatlardan hem berk boljakdygy mälim edildi.

şeýle hem Olimpiýa oýunlarynda ulanyljak beýleki zatlar hem ekologiýa taýdan arassa materiallardan öndüriler. Olimpiýa oýunlarynyň alawyny göterýän fakel gaýtadan işlenilen alýuminden ýasalar. Elektrik energiýasy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden üpjün ediler.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Olimpiýa oýunlarynyň medallary hem  ulanylan mobil telefonlarynyň gymmat bahaly metallaryndan ýasalýar. Guramaçylarynyň bellemegine görä, 6,2 million telefondan 32 kilogram altyn alyndy.

Ýene-de okaň

Days of Turkmen Cinema in Georgia

Pakistan’s economic situation has improved: credit goes to Prime Minister and his team says Turkmenistan’s Ambassador

From Bukhara to Turkmenabat: strengthening interregional ties between Uzbekistan and Turkmenistan

Meeting with the Special Envoy on Afghanistan Affairs of the China

Foreign ministers of Turkmenistan and UAE met in Abu Dhabi

Artificial Intelligence: Magtymguly Fragi received education comparable to Harvard, Oxford, and Cambridge