GENERAL

Güýz gülleri

Güýzüň zerewşan gülleri, gaýtalanmajak pynhanlyklaryň jemlenen günleri. Çünki ol güller—seniň gülleriň. Baglaryň bagtdan ýaňa müň dürli owaz edişi, göýä seniň geleniňi buşlaýan ýalydy. Heniz ýaňagyňy doly sowatmaga ýetişmeýän, çalaja çigremik howada şu gün mähir bilen öwüsýärdi. Ahmal olam seniň doýman synlajak, güýzüň reňkine çalymdaş saçlaryňy bulaşdyrmaga dözen däldir. Geň zat, bu gün köçelerde adamlaram nirädir bir ýerlere howlukmaçlyk bilen barmaýarlar. Olar bir-birlerine diňe ýylgyryp, mähir, söýgi bilen seredişýärler. Şu gün barlykda bagtymy gör, näme diýip wasp etjegimi bilemok. Çünki bütin dünýämi mahmal güýzüň zerewşan gülleri bilen bezäp sen geldiň güýzde gül barmy, diýmegiňiz ahmal. Onda-da nähili güller. Baharyň elwan bägüllerine bäs edýän güller bar eken. Bägüller anbar ysyna beýhuş edýän bolsa, güýz gülleri müň dürli owaz bilen aşyk edýär eken.

Hawa, sen aşyk, elleriňde bolsa güýzüň altyn gülleri. Sen olary şu görnüşe getirmek üçin gör, näçe wagt azap edensiň… ol gülleriň diňe bir täsin edilip ýerleşdirilişine däl, eýsem, olaryň biri-birine şeýle ysnyşykly, çäksiz söýgi, mähir bilen baglanandygyny görenimde bagtym gözlerimde dürlendi. Sen bolsa joşgun bilen gürrüň berýärdiň. «Bagtym, maňa bu gülleri ýygnamak kyn düşdi. Ýöne täsin edip ýerleşdirmek asla kyn düşmedi. Çünki men suratkeş ahyry. Onsoňam, seniň özboluşly dünýäňden döreýän näzleriň maňa ylham berýär. Şonuň üçin hem, men bu gülleri ikimiziň bagtly günerimizi göz öňüne getirip ýerleşdirdim. Kyn düşdi diýýänim bolsa bu gülleri saňa gowşurmak üçin diňe tylla güýze garaşmaly boldy. Şeýle mähribanym. Seret, baglaram biziň bagtymyza guwanyp, söýgi şemalynyň ýolbaşçylyk etmeginde tutuş seýilgäh bolup täsin heňe başlady. Elleri güýz gülli magşugym, bu güýzlerde boýun alan hakykatym «sen meniň ykbalym».

Mähirden püre-pürlenen bu pursady neneň ýazmajak! Toýly günleriň öňüsyrasynda toý pişmeleri kimin seçelenýän altyn ýapraklaryň aşagynda bagta sary bile ädimlemek seçiljek toý pişmeleriniň has-da köp myhmanly boljagynyň alamaty dälmi eýsem! Hawa, ol güller gül däl-de güýz ýapraklarydy. Ýöne men olara ýaprak diýmäge dözmedim. Çünki sen olary bir gujak edip uzadanyňda «Mähriban, bu güller saňa» diýipdiň.

Nurşat Narlyýewa, Žurnalist.

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

Meeting of the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan with the Minister of State of Qatar

Türkiye’s Karahantepe revealed the Neolithic Age’s Greatest Discovery: ‘The First Three-Dimensional Narrative’

Derya Soysal : turkmen language a cultural treasure and strategic bridge between civilizations

Books are the key to Success: Balkanabat Hosts Book Lovers’ Competition

Vestiabad: Makul Dictionary in Turkmen Media

UssatNews: Makul Dictionary in Turkmen Media