GENERAL

Çeltek Hasaby (dowamy…)

Garly günleriň birinde Hangeldi çeltek Tejeniň üsti bilen Ahala tarap ýola rowana bolýar. Ol agşamlyk bir obanyň çetinden barýar. Hatardan saýlanybrak oturan öýden çykan garry aýal bilen salamlaşýar. “Taňry myhmany almaga ýagdaýyňyz barmydyr?” diýip soraýar. Garry “Hudaýa şükür, düşüberiň!” diýip hoş söz berýär. Hangeldi aganyň öňünde çaý, saçakda çörek, duldaky meşikden toşapdyr ýag alyp goýýar. Emma garry zenan içeri girýär, daşa çykýar, oturyp ynjalygy ýok.  Ahyry Hangeldi aga: “Garry ene, girip – çykyp, näme biynjalyk bolýaň? Näme aladaň bolsa, güýjüň ýetmeýän iş bolsa, aýdyp oturyň, men kömek edeýin!” diýip dillenýär. Garry üýtgeşik aladasynyň ýokdugyny, ýalňyz oglunyň iki düýesi bilen ojar ýygmaga çöle çykandygyny, soňra gar ýagandygyny aýdýar. Hangeldi aga odunçylaryň azyklary ýeterlik bolsa, sowukdan zeper ýetmejekdigini duýdurýar. Garry enä meşigini elläp görmegi haýyş edýär. Meşigiň bujaklarynda doň bardygyny aýdýar. Ýarygije bolanda-da ogluny alada edip ýatyp bilmeýän garry eneden yene – de meşigi barlamagy soraýar. Garry meşigiň bujaklarynyň doňunyň eräp başlandygyny duýdurýar. Daň atyp jahan ýagtylyberende ýene bir gezek meşigiň bujaklaryny barlap görmegi maslahat berýär. Garry ene bujaklaryň alan hamyr ýaly ýumşandygyny aýdýar. Hangeldi çeltek ir bilen ýola düşjek bolanda, geçen agşam togsan doldy, ýere ýyly gidip başlady, indi ýerde gar durmaz diýýär. Bir hepdeden yzyna dolanyp gelýärkä,  garry enäniň öýüne salama barýar. Garry ene: “Oglumdan sorasam, seniň myhman bolan agşamyň salgysyny berýär, olaryňam ýarygijeden soň ýatan ýeri, düşegi ýylapdyr” diýip şadyýan gürläpdir. Öý eýesi Hangeldi aganyň aslyny soraýar. Çelteklerden bolýandygyny eşidende, il içine at – abraýy ýaýran, halatly adamyň öýüne myhman bolandygyna şükür edýär.
Hangeldi çeltek obadaşlary bilen Hywa sary argyşa gidipdir. Argyşçylar Hywada geçginliräk zatlardan alyp gidip, gaýdyşynam däne alyp gaýdýan eken. Kerwen Hywanyň etegindäki obalaryň birinde ýük ýazdyrýar. Düşlegiň golaýyndaky ekinzarlykda ýaňy boýuny alan jöwenler gök öwüsýär. Hangeldi çeltek düýeleri bu jöwenlige goýbermekçi bolýar. Ol bu işiň garamatyny öz üstüne alýandygyny duýdurýar. Emma ýoldaşlary bu işi oňlamaýar. Şonda-da Hangeldi aga düýeleri jöwenlige goýberipdir. Iki-üç sany ýaş ýigit peýda bolup, ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmagy talap edýär. Hangeldi çeltek gelenlere: “Jöwende entek hasyl-a ýok, ýaňy dänä durupdyr. Ekiniň palajynam indi şu gije ýygnap ýetişmersiňiz. Şu gije bolsa jöweniň ählisini sowuk urýar. Onsoň “Düýeler bir iýsin” diýip goýberendigini mälim edýär. Eger jöweni sowuk urmasa, ýetirilen zyýanyň öwezini doljakdygyna söz berýär. Jöwen eýeleri kerwenbaşy bilen Hangeldi çeltegi oba kethudasynyň ýanyna alyp barypdyr. Oba kethudasy bu edilen işe nägilelik bildiripdir. Hangeldi çeltekden agşam howa nähili boljakdygyny gyzyklanyp sorapdyr. Howanyň ýagdaýyny öňünden duýýan Hangeldi aga: “Ýarygijeden soň bulut geler. Ýagyş ýagyp ekiniň çygyny ýetirer. Daňa golaý şemal bulutlary alyp gider. Daňdan asman açyk bolar. Onsoň howa sowap, suw gyrpaklap, jöweni sowuk urar, säher bilen onuň ysy geler!” diýip kethudanyň ýüzüne dogumly gürläpdir. Kethuda eger – de jöweni sowuk urmasa, kerweniň hemme emläginiň özüniňki boljakdygyny aýdýar. Bardy-geldi jöweni sowuk uraýsa, kerweniň ähli düýesini dänäden ýükläp goýberjekdigini duýdurýar. Hangeldi çeltek gije myhmançylykda bolýar. Oba kethudasy onuň aýdanlarynyň dogry gelýändigini ýa-da gelmeýändigin takyklamak üçin ýörite sakçy goýýar. Sakçy gözegçilik edip suw doňandygyny kethuda namaza durmanka habar berýär. Gün dogansoňam sowuk uran ekinleriň üýtgeşik ysy dumly – duşa ýaýraýar. Kerweniň ähli düýesini däneden ýüklemäge mümkinçilik bolmansoň, oba kethudasy diňe Hangeldi çeltegiň düýesiniň ýüküni ýetirýär.
Hangeldi çeltek, onuň ogly Mergen çeltek hakynda gürrüňler, olaryň synçylygy, duýgurlygy, ylmyň – tehnikanyň häzirki ösen zamanynda hem adamlary haýrana goýýar. Täsin halk senenamasynyň bolandygyny äşgär edýär.
Toýly Hommyýew,      
Magtymguly adyndaky TDU – nyň mugallymy

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council