GENERAL

Gündogaryň türkmen edebiýatyndaky milli pelsepe

 Rowaçlyk taglymynyň “rowaç” diýen düýp sözi türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlüginde  “geçginli haryt”, “ýörgür bazar” diýen manylary bermeklik bilen, ol milli şygryýetimizde “bazar” pelsepesini obraz derejesine çenli ýokary göteren çeper aňlatma bolup durýar.  Ýöne, bazar obrazy Magtymgulydan öňki Gündogar edebiýatynyň  orta asyr türkmen şahyrlary Ýunus Emräniň, Seýit Nesiminiň, XVII-XVIII asyrlaryň sepgidinde ýaşan türkmen nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň döredijiliginde diňe bir manyda – göçme manyda goýulan bolsa, onuň öz edebi mirasynda iki manyda göçme we göni manylarda işlenipdir. Beýik Magtymgulynyň “Aty ýagşydyr” atly goşgusyndaky:

                                   Engamsyz beglerden, hayyrsyz baýdan,

                                  Bazaryň bakgaly taky ýagşydyr – diýen, 

“Myhmanydyr” goşgusyndaky:

                                Bu bazara gelen kişi yhlasyn ary eýlesin

                                Kabyl bolan yhlasly gul merdanlaryň merdanydyr – diýen setirlerinde “bazar” pelsepesini göni manysynda, has dogrusy edebi döredijilik realistik uslybynda ulanmagyna orta asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Hoja Ahmet Ýasawynyň täsiri diýseň uludyr. Çünki, Hoja Ahmet Ýasawy Magtymgulydan öňki Gündogaryň türkmen edebiýatynda “bazar” pelsepesini göni manyda ulanan ýeke-täk şahyr şahsyýetdir. Muňa Hoja Ahmet Ýasawynyň  Muhammet Pygamberiň Arşy-kürsi, bazary goldap, sekiz behiştiň hem döwletiň eýesi bolandygy baradaky yslam ymmatynyň taryhy hakykatyny beýan edip ýazan hikmetiniň : 

                                  Arş-u kürsi, bazary, enaýatly Muhammet,

                                  Sekiz behişt eýesi, welaýatly Muhammet – diýen setiriniň mysalynda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Hoja Ahmet Ýasawynyň bu şygrynyň many-mazmunynyň Magtymgula diýseň biçak täsir edendigi baradaky hakykaty aýdyň ýüze çykarmaklyk üçin, Romanguly Mustakowyň “Magtymguly we Gündogar edebiýaty” atly kitabynda beýik akyldar şahyrymyzyň ömür ýoluny, edebi mirasyny, şeýle-de çeper pikirlenmesini – sopuçylyk taglymatyna ýugrulan dünýägaraýşyny ilkinji öwrenijiler barada beýan edeninde umumy maglumat hökmünde salgylanan kitaby bolan Gurban Kulyýewiň “Magtymguly – söwda burŽuaziýasynyň ideology” atly tendensioz kitabyna ýüzlenmegimiz gerek. Çünki, Romanguly Mustakowyň belleýşi ýaly bu kitapda berilýän maglumatlar birtaraply bolsa-da, Magtymgulynyň edebi mirasynyň asyl nusgasynyň bize gelip ýetmändigi baradaky, onuň sopuçylyk taglymatyna ýugrulan şahyrana dünýägaraýşynyň bardygy hakyndaky taryhy hakykat bar. Şular ýaly hakykaty edebiýatçy Gurban Kulyýewiň öz kitabynda birtaraplaýyn baha berip beýan etmegine bolsa 1930-njy ýyllaryň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy sebäp bolandyr. Çünki, bu edebiýatçy öz kitabynda Magtymgula birtaraplaýyn baha bermän, onuň ussatlygyň çür depesine çykyp, kämilligiň aňrybaşyna ýeten  çendenaşa beýik şahsyýetligini aýan edip ýokary baha beren bolsa, onda ol 1950-njy ýyllarda Mäti Kösäýew bilen Baýmuhammet Garryýewiň “Gorkut ata” eposyny çap etdirmeklikde düşen pajygaly gününe sezewar bolmagy mümkindi. Sebäbi, bu edebiýatçynyň ýaşan zamanasyndaky alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň kysmaty 1950-njy ýyllarda Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew ýaly alymlaryň düşen pajygaly durmuşyndan-da has ala bolupdyr. Belki-de, edebiýatçy Gurban Kulyýew hut şonuň üçin öz ýaşan zamanasynyň şu hili apatlaryndan çekinip, Magtymguly barada öz bilýän maglumatlaryny tendensioz kitabynyň içinde ýygşyryp, bukup beýan etmäge mejbur bolandyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Magtymgulyşynaslygyň günsaýyn ösýän häzirki ajaýyp zamanamyz edebiýatçy Gurban Kulyýewiň “Magtymguly – söwda burŽuaziýasynyň ideology” atly kitaby barada dogry netije çykarmaga mümkinçilik berýär.       

Dowamy bar…

                                                                          Toýly Jänädow

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

 

Ýene-de okaň

7th Interparliamentary Meeting of Turkmenistan and the European Union held in Brussels

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification