Ýüsüp we Züleýha ýa-da Jeňnama

     7. Ýüsüp we Züleýha dessany. Abylgazydan biraz soň ýaşap geçen  beýik türkmen taryhçysy, terjimeçisi, filosofy, edebiýatymyzyň ilkinji dessançy şahyry Andalyp hem (1660–1740) öz ildeşleriniň haýyşy boýunça bu ajaýyp dessanyny döredipdir. Ol barada bu eseriň başynda awtor şeýle diýip nygtapdyr:

دیدی ﺁولار: ای عندلیب بی نو

  • Ú©Ùˆ نگلیمیزه دوشدی عجب ماجرا
  • بار ”قصص„ ایچره عجایب داستان
  • Ù†ÛŒ بولار قیلسانگیز ﺁنی بوستان؟
  • یوسف صدیق Ùˆ زلیخانی سن     
  • ترکی خلایقغا قیلیپ انجمن        
  • Транслитерация:
  •                      Diýdi olar: Eý, Andalyp, binowa,
  •                      Köňlümize düşdi ajap majera,
  •                      Bar „Kysas” içre ajaýyp dessan
  •                      Ne bolar kylsaňyz ony bossan?
  •                      Ýusup-sytdyhy we Züleýhany sen
  •                      Türki halaýykga kylyp enjumen [3,C.14;22,C.30]

Görşümiz ýaly, bu dessan hem sargyt bilen ýazylan eser bolupdyr.

    8. Jeňnama. XIX asyryň ikinji ýarymynyň başynda (1862-nji ýylda) Abdysetdar Kazynyň „Jeňnama. Tekeleriň uruş kyssa kitaby” atly taryhy poemasy hem ýörite sargyt bilen ýazylan eserdir. Awtoryň özüniň şaýatlyk etmegine görä, bu eser hem, ýokarda telim gezek görşümiz ýaly, „köp sanly adamlaryň haýyş etmegiتيد يلار چون نجه  كيم ملتمس لار  (tiýdiler çun niçe kim miltemaslar) boýunça ýazylypdyr [1,C.8-9]. Bu jümläni A N.Samoülowiç şeýle teswirläpdir: „Megerem, tekeleriň atly-abraýly adamlaryndan kim-de bolsa biri, Ahalyň az sanly sowatly adamlaryndan bolan Abdu-s-Sattar Kaza döwürdeşleriniň bitiren harby edermenlikleri barada geljekki nesillere ýadygärlik ýazyp galdyrmagy haýyş eden bolsa gerek. Ol, öz gezeginde, Orta Aziýada däp bolup gelen kada eýerip, haýyş edilen kitaby, şahyr bolmasa-da, şygyr bilen ýazmagy makul görüpdir”  [1, C.09]. Elbetde, bu mesele boýunça Abdysetdara ýüz tutulmagy ýöne ýerden bolmandyr. Şol döwürde ol eýýäm sowady, bilimi bilen il arasynda özüni mälim eden tanymal şahs bolupdyr. 1858-nji ýylda Garrygalada, 1861-nji ýylda Maryda Eýran goşunlarynyň garşysyna türkmenleriň alyp baran gahrymançylykly uruşlarynyň öňüsyrasynda Abdysetdar Hywada okap, ýokary bilim alypdyr we hatda bu şäherde 7 ýyllap kazy bolup işläpdir. A.N.Samoýlowiç onuň bilim derejesine ýokary baha berip   şeýle diýip ýazypdyr: „Maňa mälim bolan türkmen ýazyjylaryndan, özüniň bilim derejesi boýunça onuň gap-dalynda diňe Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadyny goýup bilerdim. Abdu-s-Sattar hatda ondanam biraz ýokarrakdyr. Aýratyn hem poemanyň girişinde Gurhandan we hadyslardan alnan bölekler onuň musulman dini edebiýaty boýunça okumyş adam bolandygyna güwä geçýärler” [1,C.8-9]. Netije-de, soňky döwürlerde-de türkmen öňbaşçysynyň aladasy hem-de Abdysetdaryň pähim-paýhasy bilen ýene-de bir ajaýyp eser döredilipdir. Ol diňe bir edebi kitap bolman, eýsem köpsanly anyk maglumatlary özünde jemleýän düýpli taryhy çeşmedir.

     Beýleki türki halklaryň we diňe bir olaryň hem däl, medeni durmuşynda öz halklary üçin ýörite sargyt bilen ýazdyrylan kitaplaryna seýrek duş gelýäris diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ýokarda sanalyp geçilen we şeýle ýol bilen döredilen türkmen kitaplary soňky döwürlerde tutuş türki dünýäsinde hormatlanylýan we peýdalanylýan eserlere öwrülip gidipdir. Olaryň şeýle bolmagyna käbir şertler oňyn täsir edipdir. Hususan-da, türki halklaryň dilleriniň arasyndaky ýakynlyk, çagataý dili diýlip atlandyrylan umumy edebi diliň, özüniň dürli ýerli görnüşleri boýunça, XIII asyrdan tä XX asyryň ilkinji onýyllyklaryna çenli ulanylyp gelmegi, galyberse-de, türki dilli ýadygärlikleriň tekstleriniň sözlerini ýazuwa geçirmek bounça belli derejede umumy kada öwrülen, emma şol bir wagtyň özünde, olaryň hiç birisiniň seslerini doly we dogry ýazuwa geçirmäge mümkinçiligi bolmadyk arap elipbiýiniň aýratynlygydyr. Diýeliň, tekstlerde çekimli o,ö,ü,u sesleri birmeňzeş او görnüşinde, n we ň sesilerniň Ù†Ú© ýa-da نینک görnüşlerinde arap elipbiýiniň iki we ondan hem köp harplarynyň üsti bilen, tersine inçe çekimli i sesiniň we ýogyn çekimli y sesiniňň ýeke-täk ÛŒ we  Ø§ÛŒharplaryň usti bilen ýazyp beýan edilmegi we käbir beýleki ýagdaýlar türki halklarynyň dillerindäki ýazuw ýadygärlikleri belli derejede ortalyk eserler edip goýupdyr. Haýsy halkyň wekiliniň  ýazan-dygyna seretmezden, dürli türki halklar olary öz dillerinde okap we kynçylyksyz düşünip bilipdirler. Mysal üçin, XV asyr türkmen şahyry Wepaýynyň meşhur „Rownakyl Yslam” (Yslamyň nury) atly eserini Gazan şäheriniň metbelerinde 1850–1917-nji ýylar aralygynda tatar kitap neşir edijileri we kitap söwdagärleri öz asyl nusgasynda 30 gezekden hem gowrak çap edipdirler. Edil şonuň ýaly hem, 1883-nji ýyldan başlap Daşkent şäherinde we ondan birazrak soň Özbegistanyň musulman ilatly beýleki iri şaherlerinde hususy daşbasmalar ýüze çykandan soň, 1917-nji ýyla çenli, türkmen şahyrlary Rabguzynyň, Wepaýynyň, Andalybyň, Şeýdaýynyň, Şabendäniň, Mollanepesiň dessanlaryny awtorlary näbelli eserler hökmünde neşir edip gelen özbek, türkmen, we beýleki kitap söwdagärleriniň sanlary onlarçadyr.

 

Bu parça Dr. Almaz Ýazberdiýewiň “Oguzlaryň-türkmenleriň sargyt bilen ýazdyran kitaplary” atly makalasyndan bir bölek.

 

 


 

Ýene-de okaň

Dr. Dovran Orazgylyjov: The Makul Dictionary — a project originating from Silicon Valley

Ata Watan Eserleri

Amangeldi Baygeldiev: The Makul Dictionary will serve as a unique “language bridge” in fostering goodwill relations.

Iran Aims to Increase Cargo Transit with Turkmenistan to 20 Million Tons

New Glass Production Facility Launched in Turkmenistan

Eric Stewart: The Makul Dictionary will contribute to the expansion of long-term cooperation between our countries

Frederick Starr: Makul Dictionary will serve as an important contribution to building a language bridge

Ata Watan Eserleri

Turkmenistan Sends Humanitarian Aid to Afghanistan

“Makul English–Turkmen Dictionary” Published in United States of America and Placed on the “Amazon” Platform

Ata Watan Eserleri

Ambassador of Turkmenistan participated in a meeting of Ambassadors of Central Asian countries with the head of the Austrian Foreign Ministry

Turkmen Musicians take part in Tsinandali Festival of Classic Music

Turkmenistan to Send Humanitarian Aid to Afghanistan

Exhibition on Turkmenistan’s Ancient Cultures to Open in Rome in October 2025

President of Turkmenistan wrapped up his visit to China

Turkmenistan Investment Forum 2025 to Be Held at Avaza Resort on Caspian Sea Coast

From Business to Culture: Turkmenistan and Slovenia Expand Cooperation

The delegation of Turkmenistan took part in the Bled Strategic Forum

Gas, Logistics, and Artificial Intelligence: Key Topics of the Meeting Between the President of Turkmenistan and the Vice-Premier of the State Council of China

President of Turkmenistan meets with President Xi Jinping

Turkmenistan and Türkiye aim to expand interregional cooperation

Certificates Awarded to Graduates of Women’s Entrepreneurship Program in Turkmenistan