Ilkinji terjime we Türkmenleriň nesil daragty

    4. Terjime „Jami at-tawarih” (Reşit et-diniň „Şejereleriň ýygyndysy” atly kitabynyň terjimesi) Bu kitaby Gürgenjiň we Horasanyň bir böleginiň türkmen hökümdary Aly soltan sargyt boýunça Nusaýly taryhçy Salar baba terjime etdirdipdir. Onuň 1555–1556-njy ýyllarda türkmen diline edilen terjimesiniň golýazmasy biziň döwrümize gelip ýetipdir. Onda aýratyn bölümlerde  „Oguzyň yzyna eýerijileriň nebereleriniň taryhy”, „Seljugyň nebereleriniň taryhy” (Tarih-i ali Seljuk), „Tarih-i kumy atrak” (Türki halklaryň taryhy) we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Ol orta asyrlar döwründe arap we pars dillerinden türkmen diline edilen ilkinji terjimedir. Bu terjimeden türkmen alymlary M.Kösäýew, S.Ahally, Z.B.Muhammedowa, S.G.Agajanow, daşary ýurt alymlary A.Z.Walidi,Ç.I.Stori öz işlerini ýazanlarynda peýdalanypdyrlar [9]

     5. Rownakyl Yslam. „Muinil-murit” ýazylyp, aradan 151 ýyl geçen-den soň, edil Şyh Şerep baba ýaly, öz döwrüniň bilimli-sowatly şahyry Hydyrguly Wepaýy* hem, bir baý, özüni iline-gününe aldyran abraýly, emma şahsyýeti belli bolman galan magaryfçy türkmen aýalynyň tabşyrygy boýunça ýene-de bu tema bagyşlanan „Rownakyl Yslam” (Ysla-myň nury) atly, goşgy bilen ýazylan eseri döredipdir. Bu aýal hem, edil Ärsary baba ýaly, Wepaýa bu kitaby ýazany üçin 40 sany köşekli düýe beripdir [10,11,12,13,16,17]. Bu kitapda yslam dinine uýýan her bir adamyň berjaý etmeli borçlary we olaryň tertip-düzgünleri, musulman adamyň durmuşynda ýüze çykýan her bir jedelli meseleleriň çözgüdi şerigat kanunçylygynyň we hadyslaryň esasynda „Muinil-murit” bilen deňeşdireniňde has giňişleýin we has düşnükli dilde beýan edilipdir. „Rownakyl Yslam” ýazylyp, il arasyna ýaýrandan soň, has köne dilde ýazylan „Muinil murit” türkmenleriň we beýleki halklaryň arasyndan kem-kemden aýrylypdyr we juda seýrek duş gelýän esere öwrülipdir.

     6. „Şejere-i terakime” (Türkmenleriň nesil daragty). Bu kitabyň Daşoguzly türkmenleriň sargydy boýunça ýazdyryşynyň taryhyny Hywa

——————————

   * Özbegistanyň YA-nyň Biruni adyndaky Gündogarşynaslyk institutynyň hazynahana-synda saklanýan „Rownakyl Yslamyň” 1850-nji ýylda Gazanda (1132-nji

 hany Abulgazynyň (1643–1663) „Şejere-i terakime” atly kitabynda beýan edipdir. Onda şeýle diýilýär:

 

“موندين كوب ييل لار اوتى تركمان نينك ملالارى Ùˆ شيخ لارى Ùˆ بيكلارى منينك تاريخ نى يخشى

“موندين كوب ييل لار اوتى تركمان نينك ملالارى Ùˆ شيخ لارى Ùˆ بيكلارى منينك تاريخ نى يخشى بيلورم نى ايشتب تورورلار تقى بر كون بارجالارى كالب  عرض قيلد يلار كم بزنينك ايجميزدا اوغوز نامه كوب  تورور اما  هيج  يخشى سى يوق بارجاسى غلط  Ùˆ بريسى  بريغه  موافق ايرماس هر قايسى سى بر تورلوك  Ùˆ بر درست اعتبار قيلغو دك تاريخ بولسه ايردى يخشى بولار ايردى تيب اوتون  قيلد يلار ايرسه  انلارنينك اوتون لارينى قبول قلديم … اول كم بر  كون بر كشى بو كتاب نى اوقوب  بيلماكانى نى بيلسه بزنينك روحميزكا فاتحه اوقوغاى تيدوك تقى كتاب نى ايتماققا  رجوع قيلدوق تقى بو كتاب غه شجرهء  ØªØ±Ø§ÙƒÙ…Ù‡ تيب آت قويد وق بارجا بيلينك كم بزدن برون تركى تاريخ  ايتقانلار  عربى لغت لار نى قوشوب تورورلار Ùˆ فارسى نى هم قوشوب تورورلار Ùˆ تركىنى  Ù‡Ù… سجع قيليب تورورلار اوز لارى نينك هنرلارين Ùˆ استاد ليق لارينى خالقغه معلوم قيلماق اوجون  بز مونلارنينك  هيج قايسى سينى قيلمادوق  انينك  اوجون كم بو  كتاب نى اقوغو جى Ùˆ تينكلاغوجى البته  ترك  بولغوسى تورور بس ترك لاركا  تركانه  ايتماك  كراك تا اولارنينك  بارجاسى فهم قيلغاىلار بزنينك ايتغان سوزميزنى بيلماسالار  اندين نى حاصل اكر  انلار نينك ايجلاريندا بر  Ùˆ يا ايكى اوقوغان  عاقل  كشى بولسه اول  بيلسا  بيلماكان  كوب نينك قايسى برينه ايتب  بيلد ورور  بس انداق ايتماق كراك كم يخشى Ùˆ يمان بارجالارى  بيليب  كونكل لارى كا معقول  بولغاى”

     „Mundan* köp ýyllar ötdi, türkmenleriň mollalary we şyhlary we begleri meniň taryhy ýagşy bilirümni eşidip tururlar. Taky bir gün (olaryň) barçalary gelip arz kyldylar. Kim bizniň içimizde „Oguznama” köp tutur. Emma hiç ýagşysy ýok. Barçasy galat we birisi birisine muwafyk (gabat) ermes, her haýsysy bir dürli we bir dürst ygtybar kylgu dek taryh bolsa erdi ýagşy bolur erdi” diýip, ötün kyldylar. Erse, anlarnyň ötünlerini kabul kyldym… Ol kim bir gün bir kişi bu kitaby okap, bilmegenini bilse biziň ruhymyza pata** okugaý diýdik. Taky kitapny etmekke rujug kyldyk (ýazmaga başladyk). Taky bu kitaba „Şejere-e terakime” (Türkmenleriň nesil daragty) diýip at goýduk. Barça bilik (sowatly köp alymlar) kim, bizden burun türki taryh etgenler (türki dilde taryh ýazanlar) araby lugatlaryny (sözlerini) goşup we parsyny hem goşup tuturlar we türkini hem sejg kylyp (kapyýalaşdyryp) tuturlar, özleriniň hünärlerini we ussatlyklaryny halka mälim kylmak üçin. Biz munlarynyň hiç haýsysyna kylmadyk. Anyň üçin kim bu kitaby okugujy we tiňlegujy, elbetde, türk (adam) bolgusy tutur. Bes, türklere türkana etmek gerek, tä olarnyň barçasy fähim kylgaýlar (köpüsi düşüner) ýaly. Biziň aýtgan sözümizni bilmeseler ondan ne hasyl. Anlarnyň içlerinde bir we ýa iki okan akyl kişi bolsa, ol bilse, bilmegen köpnüň kaýsy birine aýdyp bildirur. Bes, andak aýtmak, kim, ýagşy we ýaman barçalary bilip, köňüllerine makul bolgaý” [23, C.5–7].

bukja) we Daşkentde 1905-nji  ýylda neşir edilen (766, 9138-nji bukjalar) saklanýan nusgalarynda Wepaýynyň şahsyýeti bilen bagly, başga hiç ýerde duş gelmeýän möhüm maglumat, ýagny şahyryň  hakyky adynyň Hydyrguly bolandygy görkezilipdir. Olaryň esasynda biz şahyryň bu adyny ylmy dolanyşyga girizdik.

   * Bu ýerde Abulgazy 1641-nji ýylda tagta çykandan biraz soň, Müňgyşlak we Balkan türkmenleriniň Horezme göçüp baryşlary göz öňünde tutulýar.

   **  Fatyha– Gurhanyň I-nji süresini okap, pata bermek.

     Abulgazy bu barada ýene-de „Şejere-i türk” atly kitabynda şeýle diýip belläpdir:

تو تاریخنی یخشی Ùˆ یمان بارچه لاری بیلسون تیب ترکی تیلی بیرلان ﺁیتدیم. ترکی Ù†ÛŒ هم ﺁیتب من کیم بیش   ÛŒØ§Ø´Ø§Ø± اوغلان توشونور بیر کلمه جغتای ترکی سندین Ùˆ فارسیدین Ùˆ عربی دین قوشمای من روشن بولسون تیب.

     „Bu taryhny ýagşy we ýaman barçalary bilsin diýip, türki dili birlen aýtdym. Türkini hem andak aýdyp, men kim bäş ýaşar oglan düşüner [ýaly etdim]. Bir keleme çagataý türkisinden we parsydan we arabydan goşmaý men röwşen  bolsun diýip, [şeýle etdim]”[23,C.7]

     Netijede „Şejere-i terakime” we „Şejere-i türk” (Türki halklaryň nesil daragty) atly möhüm taryhy eserleri peýda bolupdyr. Bu eserleri ol örän ýönekeý, giň hälk köpçüligine düşnükli dilde ýazypdyr. Olary asyl nusgalarynda okan her bir adam bu kitaplaryň tekstiniň deň derejede özbek we türkmen okyjylaryna düşnüklidigine doly göz ýetirip biler. Aradan 70 ýyl geçenden soň, 1732-nji ýylda Russiýa işlemäge gelen nemes gündogar-şynasy G.Ý.Ker (1692–1740) Abulgazynyň „Türki halklaryň nesil darag-ty” atly eserini rus diline terjime edipdir [2,C.37].

     Ýokardaky parçadan görşümiz ýaly, Abulgazy XIII asyrdan bäri dowam edip gelýän çagataý dili diýip atlandyralan türki halklaryň gepleşik dillerinden üzňe, olardan ýokarda durýan, arap we pars dilleriniň sözleri garylan ýasama edebi kitap dilinde eser ýazmaklygyň garşysyna ilkinji bolup açyk cykyş eden alym bolupdyr.

     Öz ylmy işleriniň bir toparyny ýazmakda „Şejere-e terakimeden” giňden peýdalanan W.W.Bartold oňa ýokary baha berip, şeýle diýip ýazypdyr: „Türkmenler barada ýörite ýazylan şeýle taryhy eser beýleki türki halklaryň hiç birisi hakynda ýokdur” [4,55]. Horezmiň meşhur taryhçysy S.P.Tolstowyň bellemegine görä, „Şejere-e terakime”, „türkmenleriň diňe bir giçki eýýamy babatda däl, eýsem has irki döwür taryhy üçin hem juda ähmiýetli resminama bolup biler” [11,C.91].

 

Bu parça Dr. Almaz Ýazberdiýewiň “Oguzlaryň-türkmenleriň sargyt bilen ýazdyran kitaplary” atly makalasyndan bir bölek. Makalanyň dowamyny ýakyn günlerde neşir ederis.

Related posts

Pezeshkian to visit Turkmenistan for CIS, Caspian summits

Malaysia’s Economy Minister to Lead 20+ Company Business Delegation to OGT 2026

A Race between continents, a city to discover along the water

Ata Watan Eserleri

Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Meets with Minister of Roads and Urban Development of the Islamic Republic of Iran

International Astronautical Congress (IAC) Heads to Antalya

Ashgabat to host European Culture Days

ADNOC ’s XRG and Turkmenistan: A New Caspian Chapter

From Virtual Assets to International Arbitration: Day Two of the Turkmenistan Investment Forum 2026

Dragon Oil: From Long-Term Operations to New Caspian Opportunities

İstanbul to Host the ‘2027 Spanish Super Cup’

Ata Watan Eserleri

First TIF 2026 Participants Arrive in Ashgabat: The Forum Begins with a Journey into Turkmenistan’s History

Ashgabat ready for Turkmenistan Investment Forum 2026

Turkmenistan and Azerbaijan interparliamentary cooperation discussed

Future of “Central Asia – China” Customs Control Discussed in Urumqi

Saudi Delegation, World Bank and Major Corporations: TIF 2026 Sets an Ambitious International Agenda

CAREC project office in Turkmenistan and the Embassy of the Republic of Azerbaijan discussed prospects for expanding environmental and climate cooperation

TOSFED İstanbul Park will host the FORMULA 1 TURKISH GRAND PRIX from 1-3 October 2027.

B5+ITALY Business Platform Launched in Astana

TIF 2026: How Turkmen Businesses Can Schedule Meetings with Mitsubishi, John Deere or Samsung — and Why Now Is the Right Time

Turkmenistan Outlines Strategic Initiatives at Inaugural Central Asia–Republic of Korea Summit