GENERAL

«Face Time» heniz kämil däl

Ýakynda «Apple» kompaniýasynyň wideoaragatnaşyk üçin niýetlenen «Face Time» programmasyny işe girizendiginden habaryňyz bardyr. Ýöne heniz bu programma ösen talaplary doly ödäp bilenok, üstesine-de onda käbir kemçilikler hem bar. Şol kemçilikleriň iň esasylarynyň biri wideojaň gelen adam jaňy kabul etmänkä, onuň sesiniň jaň edene eşidilýänligidir. Tehniki ýalňyşlyk bilen, heniz jaň gidip durka, jaňy kabul etmeli adamyň «iPohe»-ynyň mikrofony işläp başlaýar. Diňe bu-da däl, heniz jaň gidip durka, ony kabul etmeli adamyň wideokamerasy hem işläp başlaýar.

«Apple» ýalňyşlyklary düzetmek işine eýýäm girişdi. Kompaniýanyň resmi saýtyndan we «Twitteriň» esaslandyryjysy Jäk Dorseýiň şahsy twitter hasabyndan müşderilere häzirlikçe «Face Time»-y öçürmek maslahat berildi.

Related posts

Aşkabat Şehir Günü fuarı

vepa

Bouygues confirmed its interest in developing cooperation with Turkmenistan

Ahal-Teke: The “Oscar” of the Horse World — Featured in LIFE Magazine

Ata Watan Eserleri