WORLD

ÝB wizanyň bahasyny 80 ýewro çykarmakçy

«Euronews»-yň habar bermegine görä, Ýewropa Birleşigi özüne agza döwletlere wizalaryň bahasyny 80 ýewro çykarmaga taýýarlyk görýär. Bu barada eýýäm Ýewropa Parlamentiniň çözgüdi hem kabul edildi.

Ýeri gelende aýtsak, bu baha syýahatçylyk wizalaryna degişlidir. Şeýlelikde, Ýewropa Birleşigine agza döwletlere syýahatçylyk wizasynyň bahasy ozalkysyndan 20 ýewro ýokarlanar. Talyplar we 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin wizalaryň bahasy bolsa ozalkylygyna galar. Şol bir wagtda ÝB sungat ýyldyzlary, türgenler we ýygy-ýygydan syýahat edýänler üçin köp gezeklik wizalarda hem bahany galdyrmaz. Ýewropa Birleşigine agza döwletlere gitmek isleýän syýahatçylara wiza hyzmatlary eýýäm 6 aý öňünden berlip başlanar.

Related posts

Türkmenistan Milli Güreş Kadınlarda Altın Madalya kazandı

vepa

A cycling event in Riyadh dedicated to the World Bicycle Day

Polat Bülbüloğlu : Türkmenistan’ın Halk Sanatçısı

vepa