Köne döwrüň alymlary kitaby Jemşidiň jamyna meňzedipdirler.Dogrudan hem, kitap içi täsin maglumatlardan doly bilim hazynasydyr. Parasatly halkymyz ony akyl-paýhasyň jemlenen mirasy hasaplapdyr. Hakykatdan-da, kitap-biziň mugallymymyz, yolbeledimiz hem-de paýhas çeşmämizdir. Kitap-biziň ruhy gymmatlygymyzyň, ruhy dünýämiziň genji-hazynasydyr.Gözbaşyny müňyyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdyan Türkmen halkymyzyň maddy we medeni taryhy gymmatlyklary diýseň köpdür.Olaryň arasynda iň naýbaşysy, paýhas hazynasy bolan kitaplardyr.
Türkmen halkymyzyň geçmiş taryhyna ser salsak, orta asyrlarda dünýä medeniýetiniň gadymy ojagy hasaplanýan Merw topragy milli mirasymyza baý mekandyr. Bu toprakda ýaşap geçen mert pederlerimiziň, ýagny akyldarlarymyzyň,filosoflarymyzyň döreden baý kitaphanalarydyr, yazan golýazma kitaplary bu günki günde biziň iň bir gymmatly genji hazynamyzdyr. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlyk hasaplanýan kitaplar adamzat durmuşynyň ylym-bilim we paçhas açarydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:”Kitap okan gullar magnydan dokdur”diyşi ýaly, kitap ynsany ruhy taýdan terbiýeleýär.Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýagny,Türkmenistanyň tanymal ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyn ”Kitap” hekaýasynda Welmyrat aganyň köşekli düyesini bir kitaba çalyşmagy, türkmen halkynyň kitaba bolan söygüsinden, hormatyndan nyşandyr.
Bäşinji ýa-da altynjysy synpdyk. Bir gün edebiýat sapagynda, mugallym ählimizin kitaplarymyzy ýygnap aldy-da, ”Kitap” hekaýasyny gürrüň bermäge başlady. Mugallym şeyle bir gowy gürrüň berýär welin, ählimiz şol hekaýanyň içine girip gidipdik. Hat-da ähli synplarda-da bolşy ýaly, bezzatja synpdaşlarym hem ol hekaýanyň içinde pikir ummanyna gark bolup diňläp otyrdylar. Sonra mugallym bu hekaýany gürrüň berip boldy-da, hemmämizden Welmyrat aganyň köşekli düýä çalşan, içi paýhasdan doly bolan kitabyň nähili kitapdygyny sorady. Bizin otuzymyzam otuz tarapdan pikir bildirmäge başladyk, yöne hiç haýsymyz hem dogry jogabyny tapyp bilmedik. Haçan-da mugallymyň özi dogry jogaby aýdanda, bizin şeýle paýhasly akyldar şahyrymyzyň bardygyna, türkmendigimize we Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletde yaşaýandygymyza buýsandyk. Hakykatdan-da, kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, suratkeşleri, kompozitorlary bilen islän wagtynda duşuryp, islan çagynda-da sözleşdirip bilýär. Kitap sana dürli ylymdan ders berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyn “Payhas çeşmesi” kitabynda ylym-bilime, kitap okamaga degişli birnäçe nakyllardyr atalar sözi getirilipdir. Ýagny,
- Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.
- Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer.
- Dünýäde atyň üstünden onat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok.
- Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar.
- Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.
- Ylym köp, ömür az, geregini al-daşa ýaz.
XX asyrda ýaşap geçen ägirt uly şahyrlarymyzdan biri Gurbannazar Ezizow özüniň şygryýet dünýäsinde kitap okamagyň peýdalaryny şeýle beýan edýär:
Kitaphanalara gatnan ýadaman,
Agras, kamil bory üçin pikiriň.
Dünýäde hemme zat bal bile ýag däl,
Siz goja dünýäniň boýun ýetiriň.
Azyrajyk bolsun çörek nobaty,
Köprajik bolsun kitap nobaty.
Belli alymlar kitap okamagyn egsilmez hazynadygyny bellap geçýärler. Okamak ýüregi şatlandyrýar, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar. Kitap okaýan wagtyň hemişe gowy adamlaryň arasynda bolasyň gelyar. Wagtyny haýyrly zatlara sarp edýärsiň. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Okumyş adam bilime baý bolup, ýatkeşligi, düşünjesi ýitileşýär. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylyan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär. Bu babatda dünýäniň belli ýazyjylaryndan biri bolan M.Gorkiy şeýle diýýär: ”Bilimleriň çeşmesi bolan kitaby söyüň, diňe bilim dadymyza ýetişip, diňe şol bizi ruhy taýdan güyçli, päk, paýhasly adamlar edip ýetişdirer”. Mundan başga-da Aýbek: ”Kitap adamzat paýhasynyň dürdänesini ýygnaýar we olary nesilde-nesle geçirýär. Biz bir gysym gum bolup gideris, yöne kitaplar weli demirden hem daşdan ýasalan ýadygärlikler ýaly müdimilik saklanýarlar”diýip belläp geçýär. Görnükli türkmen ýazyjy şahyrymyz Berdinazar Hudaynazarow: ”Türkmenlerde “Atyn barka ýol gazan, atan barka dost gazan” diyen nakyl bar. Kitap hakda oýlanamda şu nakyl ýadyma düşýär. Kitap bilen dostlaşan adamyň ruhy garyp bolup bilmez. Ol özüni bagtly hem-de baý adam hasaplamaga haklydyr. Adamyn mahal-mahal haly ten bolýan pursatlary bolyar. Şonda söwer dostuň ýanyna geläýse, göwnün göterilýär. Şol dostuň roluny akylly kitap hem ýerine ýetirip bilýär. Hazirki zaman durmuşynda ýol gazanmagyň kynlygy ýok. Yöne bir fakta welin üns beriň: Ýuriý Gagarin kosmosa uçanda ýany bilen söygüli kitaplaryny alandygyny aydypdy. Näme üçin başga zat däl-de, ala-böle kitap? Sebabi, kitap adam durmuşynyň iň haý-haýly pursatlarynda ona güyç berýär, ruh berýär! Kitapsyz durmuşy göz önüne getirmek kyn. Juda kyn”diymek bilen kitap adamzadyň iň ýakyn we hakyky dostudygyny nygtaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleyşi yaly :”Kitap hemişe adamzadyn ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän baýlyk, durmuşyň aynasy, taryhyn beýany, geljege yol görkeziji hasaplanypdyr”. Kitap hiç wagt garramaýan, hemişe juwan we wepaly hyzmatkäriňdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň gylyk-häsiýetinden haýsy döwletiň ykbalyndan heň buýursan, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, gijä-gündize parh goýmaýan, ýadamany, armany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoş owaz bir bagşydyr. Kitap göwnüňde pos bolsa, bulgur ýaly durlar, şahdiňe ganat beslär, ýetmeziň, ýalnyzyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi yörejek ýoluna şugla saçar. Kitap duşmany tanamaga, hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, Watanyňy, halkyňy, wepaly ýaryňy, ata-enäňi, dogan-garyndaşyňy söýdürýän, ruhuňy göterýän bir ylhamdyr.
Berkarar döwletimizin bagtyyarlyk döwründe okamaga, döretmage giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman hem-de mähriban Arkadagymyza talyp kalbymdan çäksiz minnetdarlyk bildirýärin.
Gunça Jorayewa,
Kafkas uniwersitetiniň talyby.