GENERAL

17 ýyldan soň…

Ispaniýanyň şa Kubogy ugrundaky ýaryşda 17 ýyldan soňra milli çempionatyň öňdebaryjy toparlary «Barselona», “Real Madrid” hem-de “Atletika Madrid” ýarym final duşuşyklaryna gatnaşmakdan mahrum galdylar. Bu toparlar 2002-2003-nji möwsümden soňra ilkinji gezek abraýly kubok ýaryş ýeňlişe sezewar boldular.

“Atletiko” topary 1/16 final duşuşygynda “Kultural Leones” toparyny 1:2 hasabynda, “Barselona” topary 1/8 final duşuşygynda “Atletik” toparyna 0:1 hasabynda, “Real Madrid” topary hem 1/8 final duşuşygynda “Real Sosýedad” toparyna 3:4 hasabynda utuldy.

şeýlelikde, “Barselona” topary bassyr 6 ýyldan bäri bu ýaryşda final tapgyryna çykýandygyna garamazdan, bu gezek ýeňilmek bilen boldy. Düzüminde Lionel Messi ýaly dünýäniň ökde oýunçysy bolan “Barselona” topary 2015-nji hem-de 2018-nji ýyllarda kubogyň final duşuşygynda ýeňlipdi.

Mundan başga-da, Ispaniýanyň iň güýçli iki topary hasaplanýan «Barselona» hem-de “Real Madrid” topary mundan ozal 1955-nji ýylda şol bir günde Kubok ýaryşynda ýeňlip, ýaryşdan galypdy. 65 ýyldan soňra bu ýagdaý täzeden gaýtalandy. Ýene-de bu iki topar bir günde kubok ýaryşynyň daşynda galdy.

Ýene-de okaň

Cooperation Discussed on the “Karabakh” and “Akhal-Teke” Horses

The synchronisation of the development of the Baku and Turkmenbashi ports has been discussed

Turkmen School Students Participate in a STEM Olympiad in Astana

National Leader of the Turkmen People Congratulates President of Azerbaijan and Prime Minister of Armenia on Receiving the “Zayed Award for Human Fraternity”

Olympic Council of Asia Signs Host City Contract for the 2029 Asian Winter Games in Almaty

Turkmenistan and UAE to Develop Economic Cooperation Program