BILIM

Ýurdumyzda Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçiriler

4-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli, Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Olimpiada iki ̶ «A» we «B» derejede geçiriler.

«A» derejedäki bäsleşige «Fizika» ugrundan okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

«B» derejedäki bäsleşige «Fizika» ugrundan başga ähli ugurlarda bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Her derejedäki bäsleşige bir ýokary okuw mekdepden 5 talyp gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Olimpiada bilen bagly degişli bildirişler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi saýtynda çap edilýär.

+99363100436, +99364717890 telefon belgiler boýunça goşmaça maglumatlary alyp bilersiňiz.

 

ÝB-niň ilçisi Diego Ruiz: Ýewropanyň gaz bazary täze taslamalara açyk

Related posts

Lebapda bir günde 6 müň orunlyk üç täze bilim ojaklary açyldy

Talyp-2022:Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurt diplomy : Ykrar Şahadatnamasy