JEMGYÝETSPORT

Ýulduz Jumabaýewa GDA-nyň oýunlarynda kümüş medal gazandy

Agyr atletika ugry boýunça tejribeli türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa Belarus Respublikasynda badalga alan GDA-nyň oýunlarynda kümüş medala eýe bolup, bu oýunlarda medal gazanan ilkinji türkmenistanly türgen boldy.

Türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa 49 kilogram agramda çykyş edip, kümüş medalyň eýesi boldy. 2018-nji ýylda dünýä çempionynyň çempiony we ýaşlar arasynda Aziýa çempionatynyň ýeňijisi Ýulduz Jumabaýewa görkezen 161 kg (71+90) netijesi bilen Russiýanyň türgeni Ýelizaweta Žatkinden soňra ikinji orunda galdy.

dd0c6e6c-f937-4668-b4db-fee6650610da-1.jpg

Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşa 110 wekiliýet bilen gatnaşyp, sportuň 13 görnüşi, ýagny – boks, taý boksy, karate, dzýudo, sambo, grek-rim göreşi, erkin göreş, ýeňil we agyr atletika, basketbol 3х3 (erkekler), ýaýda ok atmak ýaly ugurlarda medally orunlar üçin bäsleşýärler.

Düýn, ýagny 4-nji awgustda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň türgenleriniň gatnaşýan GDA-nyň II oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gatnaşdy.

Related posts

GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumy

Ronaldo iň köp girdeji gazanýan türgen

“Arkadag” futbol kluby döredildi

Leave a Comment