TEHNOLOGIÝA

«Vivo X50» smartfonyň satuwa çykmagyna az wagt galdy

«Vivo» tehnologiýa kompaniýasy özüniň ýene-de akylly telefonlarynyň neslini täzelär. Kompaniýanyň täzelikde işläp döreden «Vivo X50» modelli akylly telefony şu ýylyň 1-nji iýulynda satuwa çykar. Bu akylly telefon «gimbal» kamera ulgamy bilen tapawutlanar. Akylly telefonyň kamerasynyň has ownuk maddalary hem dury almaga mümkinçiligi bar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda akylly telefon barada maglumat berýän wideoda gürrüň berilýär.

Bu telefonyň yzynda üç kamera bar. Akylly telefona gelýän sargytlar gün-günden artýar. Telefon göze gelüwli ulanyjylaryň göwnünden turjak dürli reňkler bilen müşderilere ýetiriler.

Related posts

Hindistan 1.25 milliard dollara superkompýuter döreder

Şu hepdäniň howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Hytaý Aýdan nusga getirer