Üstünlik gazanmagyň ýollary

Türkmenistan baý medeni däp-dessurlary saklap gelen gadymy siwilizasiýalaryň watany hökmünde bütin dünýä bellidir. Bäş  müň ýyldan bäri biziň ülkämizi “dünýäniň ýedi ýolunyň” çatrygy diýip atlandyrylypdyrlar, Gündogar bilen Günbataryň birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolupdyr. On sekizinji asyrda dünýä belli fransuz alymlaryň biri – “Biz astronomiýa, matematika we lukmançylykdaky üstünliklerimiz üçin Gündogara sagbol aýtmalydyrys” diýip ýöne ýerden bellemändir. Gündogaryň parlak ýyldyzlaryň biri belli alym bolan Lukman Hekimdir. Bir sapar Lukman Hekimden “Sen ozal biriniň goýun çopanydyňyz. Indi bolsa şeýle belent mertebä ýetdiňiz. Munuň sebäbi näme-de?” diýip sorapdyrlar. Ol – “Elmydama dogry sözledim, galplyk etmedim, ýaramaz sözleri ulanmadym. Şu üç zat meni belende göterdi, abraý-hormata mynasyp etdi” diýipdir. “Çagalarymyz üçin iň zerur öwretmeli zat näme?” diýen soraga “Ýüzmegi öwretmek” – diýip jogap berip, munuň manysyny “çagalara ähli ýagdaýlardan özüni alyp çykmagy öwretmeli” diýip düşündiripdir.  Muny eşiden adamlar öz perzentlerini Lukman Hekimiň ýanyna eltip, Hekim-agadan çagalara üstünlik gazanmagyň ýolyny öwretmegi haýyş edipdirler. Lukman Hekim özüniň boş wagtyň azlygyna garamazdan çagalara her gün bir jümle öwretmegi ýüregine düwüpdir.

Şägirtlerine Lukman Hekim birinji gün – “Gyz enäni, ogul atany gaýtalaýandyr. Ataň bilen eneňe hyzmat edeniňizde, olara mümkin boldugyça has mylaýymlyk bilen nesihat beriň. Eger siziň maslahatyňyz ýer tutmasa, salyhatlylygy we sypaýylygy saklaň. Hatda siziň janyňyz ýanyp barýan bolsa-da, öz nägileligiňizi ýüze çykarmaň” diýipdir we günde öz durmuşyndan öwrenen zatlary düşündirip başlapdyr. Ertesi güni – Akylly adam diňe öz tejribelerinden, has akylly adam bolsa başgalaryňam tejribelerinden peýdalanmagy, şondan soň üçlenji we beýleki günler her gün bir tejribäni, ýagny – Gaharly wagtyň az wagtlyk sabyrly bolsaň, ýüz günlik puşmanlykdan halas boljakdygyňy; Kemçiligini aýdan adamy duşman saýmazlygy, ýüzüňe öwýäni dost saýmazlygy; Diliňden sypan sözi, bihuda geçirilen wagty, sapandan çykan oky, ýitiren saglygy yzyna dolap bolmazlygy; Sabyrlylyk – ähli gapylary açyp biljek açardygy; Edip bilmejek zady boýun almazlygy we boýun alan zady hökmany suratda ýerine ýetirmelidigini; Bilimden uly baýlygyň ýokdygyny; Haýyrly işe berk ýapyşmagy; Adamlaryň hemmesini hormatlamagy; Ähli zada garşy durup bolýandygy, ýöne ýagşylyga garşy durup bolmaýandygy; Diliňi ýakymly sözlemäge endik etmegini, ýagşylykdan başga zady adat etdirmegini; Gürle diýilmese, gürlemeli däldigini, soralmasa maslahat bermeli däldigini; Ýerlikli hem ýerinde dürs geplemegi; Peýdasyz  sözlerden gaça durmagy, çünki peýdasyz sözlerden hemişe zyýan geljegini; Iki sany ulanaýmaly söz bar bolsa, şolaryň iň oňadyny saýlamagyny; Ýaşajamak üçin ýeňmäni başarmagy; Biri bilen jedel edilende, sözleriň mylaýym, deliller bolsa polat ýaly bolmagyny; Akylyňy öz ýerinde ulanmagy; Adam geplejek zadyndan kyrk esse köp bilmese, geplemeli däldigini; Näme üçin dostuňa bergili bolmaly däldigini; Köp iýýände saglyk, köp uklaýanda akyl, köp gürleýände hakykat bolmazlygy; Ynsan bilen kitabyň daşyna aldanman, içine bakmalydygyny; Ýatan öküze iým ýoklygyny; Özüňe berk, beýlekilere ýumşak bolsaň, şeýdip, özüňi adamlaryň ýigrenjinden gorap boljakdygyňy; Aty ot bilen, guşy et bilen tutmagy; Az-az öwrenip ussa bolmagy; Abraý aljak bolsaň, artyk işlemelidigini; Dünýäde iň gymmat baýlyk jan saglykdygyny; Altyn hilinden, adam dilinden tanaljakdygy; Öwüt alan, başyny gaşamajakdygyny; Ýylan kowalasa ýola, düýe kowalasa ýapa gaçmagy; Ýekäniň çaňy çykmajakdygyny; Başga birine bir zat diýmezden ozal, şol sözleri özüňe aýdyp görmegi; Garaşmagy başarýan adam üçin ähli zat oňat netije berjekdigini; Gabat gelýän ownuk-uşak näsazlyklardan ýokarda durmagy.

Okuwyň soňky gününde Lukman-Hekim çagalara – Iň ýagşy gylyklar on sanydygyny, ýagny: dilegçini sylamak, serpaý bermek, bela-betere sabyr etmek, goňşularyň we dostlaryň hakyny ödemek, dogry sözlülik, garyndaşlyk gatnaşygynda bolmak, amanat zady abat saklamak, myhmansöýer bolmak, ýagşy iş edeni sylaglamak, utanç-haýaly bolmak barada gürrüň beripdir.

Şeýdip beýik alymdan başyndan geçiren tejribeleri, üstünlik gazanmagyň ýollaryny öwrenen okuwçylar – maşgalasyna, iline, ýurduna peýdaly adamlar bolup ýetişip, şol tejribeleri biziň hemmämiz üçin şu günki günimize ýetiripdirler.

Mähirli BERDYÝEWA

Türkmenistan, Daşoguz şäheri

Related posts

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

25-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda gadymy Köneürgenje demir ýol arkaly syýahat guralar

Türkmen wekilleri Özbegistandaky halkara media forumyna gatnaşýar

Türkmenistan bilen Serbiýa diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýärler

Awazada 3 sany möhüm sammit geçiriler

Gazak Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Astanada geçiriljek emeli aň mowzukly mejlise çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady

Türkmen dzýudoçylary Lozannada geçiriljek “Uly tuwulga” ýaryşynda çykyş ederler

Fabinýo “Trabzonspor” toparynyň 208-nji daşary ýurtly futbolçysy boldy

Azerbaýjan Türkmenistan bilen ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamlaryndaky ylalaşyklar toplumyny tassyklady

Ata Watan Eserleri

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda täze magistrlik maksatnamasy işe girizildi

Türkmenistan bilen Sinszýan oba hojalygy, ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

“Taňrynyň eli” ady bilen meşhur bolan pökgi 3,35 million dollara satyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň ilçisini kabul etdi

24-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada ýörite sylaga mynasyp boldy

Maýa Mülkiýewa: aýdymçy mugallym

Ata Watan Eserleri