TEHNOLOGIÝA

“Twitter” jemgyýetçilik torunda täze döwür

Dünýäniň iň baý işewürlerinden Ilon Mask satyn alan “Twitter” jemgyýetçilik torunda düýpli özgerişlikleri amala aşyrýar. Ilkinji gezek bu jemgyýetçilik torunyň mahabat girdejisi 50 göterim azaldy. Häzirki wagtda Mask “Twitter” torunyň nyşanyny üýtgetmegi meýilleşdirýär.

Köp sanly jemgyýetçilik tory yzarlaýjylaryň aňynda galan “guşyň” keşbindäki nyşanyň ornuny “X” harpy alar.

Mask bu barada beren beýanatynda ýakyn wagtda jemgyýetçilik torunyň täze nyşanyny hödürlenjekdigini belledi.

“SpaceX” we “Tesla” ýaly kompaniýalaryň esaslandyryjysy Ilon Mask “Twitter” jemgyýetçilik toruny geçen ýylyň oktýabr aýynda satyn alypdy.

Related posts

Aýa iberiljek ulag

Ata Watan Eserleri

“Apple” emeli aň üçin 20 kompaniýa satyn aldy

“Apple”: “iPhone 13” telefonyny tanyşdyrdy

Leave a Comment