DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Malaziýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasan arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Related posts

Tailand gözeli – “Dünýä gözeli 2025” baýragyny gazandy

Dünýäde iň uly ýahta ýasalýar

vepa

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary