DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Ugandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň daşary işler ministri Jeje Odongo arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň bilen Ugandanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny guramak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk ýatlanyldy

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky on dördünji duşuşygy geçirildi

Kisida: “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” sammitini ýola goýarys