DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti jenap Waagn Haçaturýana Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Waagn Haçaturýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Waagn Haçaturýan golaýda Ermenistanyň parlamenti tarapyndan döwlet baştutany wezipesina saýlandy. Ol bilimi boýunça ykdysadyýetçi, 1992-1996-njy ýyllarda Ýerewan şäheriniň häkimi wezipesinde işledi.

 

Türkmenistan BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy

Related posts

Russiýa-Eýran: söwda dolanyşygy 10 milliarda ýetiriler

Aral deňziniň basseýininde ýerleşýän ýurtlara kömek

vepa

ABŞ-nyň Prezidentine gynanç haty iberildi