BILIM

Türkmenistanda tehnologiýa ugurly ilkinji ýöriteleşdirilen mekdep

Türkmenistanda tehnologiýany çuňlaşdyryp öwredýän ilkinji ýöriteleşdirilen mekdep Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde açylar. Öňdebaryjy okuw maksatnamasyny ornaşdyrmak işini 32-nji mekdep alyp barar.

Bu mekdepde maglumat tehnologiýalary, programmirlemek hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça dersleri çuňlaşdyrylyp okadylar. Häzirki wagtda bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri saýlap-seçip almak işi dowam edýär.

Ýöriteleşdirilen mekdep ýokary synplaryň okuwçylaryny okuwa kabul etmegi meýilleşdirýär. Häzirki zaman tehnologiýalary boýunça sapaklar hepdede iki gezek geçiriler. On ikinji synpy tamamlan uçurymlara attestat bilen birlikde başlangyç hünär bilimi barada baradaky resminama berler.

Türkmenistanda daşary ýurt dillerine, matematika we tebigy bilimlere ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň sany barha artýar.

Related posts

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellendi

“Forbes” ABŞ-nyň iň gowy 25 döwlet uniwersitetini yglan etdi

2024-nji ýyl: diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment