BIZNES

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistanda menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmеnistanyň Döwlеt daşary ykdysady iş banky tarapyndan bank işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, hususan-da “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.

Munuň özi edaralar we şahsy taraplar üçin döwrebap hem-de ýokary hilli menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge we olaryň gerimini giňeltmäge, şeýle hem bank işiniň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.

 

Related posts

Dokma önümleriniň elektron söwda binýady dörediler

Hünärmenler dünýä belli akylly telefonlaryñ täzelenmegi boýunça barlag geçirdiler

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” forumy 29-njy gezek geçirilýär