BIZNES

Türkmenistan “Fitсh Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri alyp barýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Wise-premýer H.Geldimyradowyň bellemegine görä, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalardan halkara reýtingi almak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulandyr.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Fitсh Ratings” agentliginden gelip gowşan degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň halkara we daşary ýurt maliýe guramalary hem-de agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmelidigini belledi hem-de milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin degişli işleri geçirmelidigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Related posts

«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Telekeçiler üçin onlaýn okuw guraldy

Ata Watan Eserleri

2020-nji ýylyň esasy görkezijileri: 8 milliard dollarlyk taslamalar amala aşyryldy