JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy.

Özara alşylan resminamalaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga;

  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.

Related posts

Türkmen Lideri’nden yeni kitap

vepa

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi

Hazaryň kenarynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy açyldy

Ata Watan Eserleri