JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Soňky on ýylyň içinde Siziň ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Siziň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyňyza biz ýokary baha berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistan Kuweýte energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi

Türkmenistan doganlyk Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

“CES 2020” tehnologiýa sergisinden garaşylýan innowasiýalar

vepa

Leave a Comment