BIZNES

Türkmen eksportyny ösdürmek üçin täze media platformasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasy awgust aýyndan başlap ýurdumyzda türkmen eksporty ösdürmek üçin ýörite media platformasyny işe girizýär.

Bu taslama önümiň hilini ýokarlandyrmak, standartlaryna laýyk gelmek, marketing, dünýä bazarlaryna girmek üçin bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmak, şeýle hem bu prosesleriň maglumat we metbugat goldawy ýaly meseleleri öz içine alýan eksport ekoulgamynyň ösüşi barada maglumat bermek arkaly türkmen hususy telekeçilere goldaw bermegi maksat edinýär.

Taslama kiçi we orta kärhanalar üçin iş guralyna öwrüljek elektron söwda, torlaýyn işewürlik programmalary, multimediýa we ş.m. ýaly sanly ulgamda türkmen kärhanalarynyň ornaşmagyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Şu düwmä basyp, taslama gatnaşmak üçin onlaýn ýüzlenmäni dolduryp bilersiňiz. Ýüzlenmäni tabşyrmagyň iň soňky güni – 2023-nji ýylyň 31-nji awgusty.

Related posts

Türkmenistan we Özbegistan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti TRifat Hisarjyklyogluny kabul etdi

vepa

Türkmenistanda Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment