JEMGYÝET

Türkiýede prezident saýlawy: prezident 2-nji tapgyrda mälim bolar

14-nji maýda Türkiýe Respublikasynda prezident we parlamentiň 28 çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Ýurduň ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Ahmet Ýener prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyrynyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Ol saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň 2023-nji ýylyň 28-nji maýynda ýekşenbe güni geçiriljekdigini belledi. Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy gutarnykly bolmadyk deslapky netijeleri mälim etdi.

Şoňa laýyklykda, ýurduň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sesleriň 49,51 göterimini, Kemal Kylyçdarogly sesleriň 44,88 göterimini, Sinan Oganyň sesleriň 5,17 göterimini, Muharrem Injeniň bolsa sesleriň 0,44 göterimi alandygy mälim edildi.

Maglumata görä, ýurduň çäginde saýlawçylaryň gatnaşygynyň 88.92 göterime deň bolandygy, daşary ýurtlarda bolsa 52.69 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Related posts

Kimiň beýnisi ýaş: zenanlaryňkymy, erkekleriňki?

vepa

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistana saparyna garaşylýar

Leave a Comment