DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bu baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlaglaryňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Türkiýe Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

 

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar

Related posts

Telefon söhbetdeşligi: Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan

TOPH gaz geçirijisini Owganystanda başlamak üçin gepleşikler geçirilýär

Medeniýet-metbugat ulgamy: ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Ata Watan Eserleri