JEMGYÝET

Putin: Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Siziň ýurduňyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri hemmelere mälimdir. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Biz Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Biziň bilelikde ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn hem-de halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygymyzy dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürjekdigimize pugta ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti

Related posts

Cumhurbaşkanı Erdoğan: Türkmenistan’ın Tarafsızlık politikasını destekliyoruz

vepa

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

Türkmenistan bilen BAE energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar