JEMGYÝET

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini Aşgabat şäherinde geçirilen şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlap, Aşgabat şäherinde görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny bildirdi.

Golaýda Aşgabatda geçirilen duşuşykda türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygy we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öňde boljak esasy çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Jemi içerki önümiň görkezijisi 5,9 göterime deň boldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi

Ata Watan Eserleri

İlk 3 ayda 92 bin 756 ziyaret

vepa