DÜNÝÄ

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Astana bolan iş saparynyň meýilnamasynyň çäklerinde, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň gatnaşmagynda maýa goýum we söwda ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça Amaly çäreleriň meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

«Ýol kartasy» awtomobil gurluşygy, energetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, farmasewtika, logistika, gurluşyk materiallary, ýaşaýyş jaý gurluşygy, oba hojalygy we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Resminama iki döwletiň Baştutanlarynyň şu ýylyň aprel-maý aýlarynda Buhara we Türkistan şäherlerinde geçiren duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Related posts

Özbegistan Türkmenistanyň kömegi bilen öz raýatlaryny Eýrandan alyp gaýdýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Bangladeşiň wekiliýeti bilen duşuşdy

Baýden Ýaponiýa we Günorta Koreýa barar

Ata Watan Eserleri