JEMGYÝET

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir guramaçylyk wezipelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Batyr Atdaýewi ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigi üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewi belledi.

Nökerguly Atagulyýew 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlanypdy.

 

Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinden boşadyldy

 

 

 

Related posts

Türkmen Lider, Japonya’yı ziyaret edecek

vepa

Türkmen alymlary köp gezeklik örtükleri dakynmagyň  peýdalaryny subut etdiler

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri