JEMGYÝET

Mämmmethan Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynda alnyp barylýan işleriň jemleri jemlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi işini ýatyryp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesini girizdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Mämmmethan Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine belledi.

Related posts

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça iş maslahaty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni we Azerbaýjan Medeniýet günleri bellenildi

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär