JEMGYÝET

«Malibu» ― täze görnüşde

Özbegistanyň «UzAuto Motors» kompaniýasy hereketlendirijisi 1,5 litr bolan, ýöne «Turbo» tizlikli «Malibu Facelift» ulagynyň söwdasyna girişdi. Täzelenen ulagyň ozal hereketlendirijisi 2,5 litrlik bolan «Malibularyň» ornuny tutup biljekdigi aýdylýar.

Täze ulagyň ozalkysyndan 100 kilogram ýeňildigine garamazdan, onuň uzynlygy 12 santimetr çemesi artypdyr. Bu netijä onuň 1,5 litrlik hereketlendirijisiniň kuwwatyny 160 at güýjüne ýetirmek üçin gelindi.

Müşderiler üçin iň gyzykly tarapy, täze ulagyň bahasy ozalkysyndan 5 million özbek somy derejesinde arzan.

Related posts

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Halkara suw maslahaty geçirildi

vepa

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasarlar bellendi

Ata Watan Eserleri

Ýewro-2024: Türkiýe-Portugaliýa meýdança çykýar