BIZNES

Hazar sebitiniň ulag-logistikasyna degişli halkara forum geçiriler

26-27-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy 2023» ady bilen halkara forum geçiriler. Oňa hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Hindistanyň ulag we logistika boýunça wekilleri gatnaşarlar. Bu barada forumcaspian.ru web-saýty habar berýär.

Iri halkara ykdysady forumda degişli döwletleriň arasynda ulag, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek we oňa döwlet goldawyny bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa degişli döwletlerden 300-den gowrak wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar

Hytaý 13 ýyl bäri Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Leave a Comment