JEMGYÝET

Halkara pul gaznasy (IMF): Sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine seredip geçdiler, dünýädäki makroykdysady ýagdaýyň ösüşine baha berdiler, şeýle-de geljekki özara gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Related posts

Avrupa Birliği :Kalkınmaya 124 milyon dolar

vepa

Adam atlarynyň manysy 26-njy fewral

Başbakan Binalı Yıldırımdan kutlama mesajı

vepa