BIZNES

“Google” öziniñ bank kartyny hödürlär

“Google” kompaniýasy häzirki wagtda öziniñ täze çykarjak bank kartynyñ üstünde işleýär. Bu barada “Tech Crunch” neşiri habar berýär.

Bank karty hakynda: “Google”, “Citi” we “Stanford Federal Credit Union” banklary bilen bilelikde özüniñ fiziki we wirtual kartyny öndürer we bu kartda bolsa öz rekwizitleri ýerleşdiriler.

Kartyñ howpsyzlygy barada:

Ulanyjy haçan-da öziniñ fiziki kartyny ýitiren mahalynda ony bloklap biler we ulanyjy özi wirtual ýagdaýda ýitiren kartyny dolandyryp bilýär. Şeýle hem kartyñ parolyny çalşyp biler eger-de ulanyjy öñküsini ýitiren ýa-da ýadyndan çykaran bolsa.

Näme üçin gerek:

“Google” kompaniýasy bu kart bilen awgust aýynda çykaryp başlan “Apple” kompaniýasynyñ “Apple Card” karty bilen bäsdeşlik eder.

“Apple” kompaniýasy “Apple Card” kartyny “Goldman Sachs” banky bilen bilelikde çykardylar. “Apple Card” kartyny akylly telefonuñ üsti bilen alyp bolýar, ýöne diñe ABŞ döwletinde ulanmak mümkinçiligi bar. Bu karty diňe “Apple Pay” hyzmatlarynda ulanyp bolýar.

Related posts

Ýurdumyzda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna badalga berler

Ata Watan Eserleri

Tarihi İpek Yolunda Asya Oyunları Meşalesi yakma töreni

vepa

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdiriler

Ata Watan Eserleri