DÜNÝÄ

Germaniýadan Türkmenistana poçta hyzmaty ýola goýuldy

Şu aýyň başynda Germaniýadan Türkmenistana dürli hatlardyr resminamalary poçta görnüşinde ugratmaga mümkinçilik döredi. Bu hyzmaty Germaniýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň biri bolan «Deutsche Post AG» poçta kompaniýasy ýola goýdy. Kompaniýa bu barada özüniň resmi saýtynda habar berdi.

Häzirlikçe, Germaniýadan Türkmenistana diňe agramy 500 grama çenli bolan dürli hatlardyr resminamalary ugradyp bolar. Kompaniýa poçtany salgydan salga iň gysga möhletde gowşurmagy kepillendirýär.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy hem şu ýylyň ýanwar aýynda halkara poçta gatnawlaryny täzeden dikeltdi. Häzir kompaniýa Türkmenistandan 50-ä ýakyn döwlete poçtalary aşyryp berýär. Olaryň hatarynda Germaniýa hem bar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Related posts

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynyň jemgyýetçilik torlary barada bildiriş

Argentinanyň ilçisi: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy